Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň baş prokurory özüni saýlaw kampaniýasyna degişli derňewlerden çetleşdirdi


ABŞ-nyň baş prokurory Jeff Sessions

ABŞ-nyň baş prokurory Jeff Sessions

2016-njy ýyldaky prezident saýlawlary kampaniýasy döwründe Birleşen Ştatlardaky rus ilçisi bilen bolan gatnaşyklary sebäpli respublikanlaryň we demokratlaryň kanunçykaryjylary tarapyndan tankyt edilýän ABŞ-nyň baş prokurory Jeff Sessions kampaniýa bilen ilteşikli islendik derňewlerden özüni çetleşdirýändigini aýtdy.

“Men gelejekde we häzir Birleşen Ştatlaryň prezident saýlawlary bilen ilteşikli islendik derňewlerden özümi çetleşdirmek kararyna geldim” diýip, Sessions 2-nji martda geçiren metbugat konferensiýasynda belledi.

Ol bu baradaky kararyny yglan edenden birnäçe sagat soň, prezident Donald Tramp kongresmenleriň Sessionsyň derňewlerden çekilmegi ýa-da wezipesinden gitmegi baradaky talabyny “duşman gözlemek” diýip atlandyrdy.

Russiýanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Sergeý Kislýak

Russiýanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Sergeý Kislýak

Tramp Sessionsyň ýanwar aýynda ABŞ-nyň baş prokurory wezipesine bellemek baradaky diňlenişikde, rus ilçisi Sergeý Kislýak bilen gatnaşyklary barada duran mahaly “ýalňyş hiç zat aýtmandygyny” mälim etdi.

“Jeff Sessions dogruçyl adam... Ol öz jogabyny has anyk aýdyp bilerdi, ýöne munuň bilgeşleýin bolmandygy anyk” diýip, Tramp özüniň ýaýradan beýanatynda aýtdy.

ABŞ-nyň iki partiýasyndan hem ençeme kanunçykaryjy Sessionsyň 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasyna Russiýanyň goşulandygy baradaky aýyplamalar bilen ilteşikli islendik derňewlerden özüni çetleşdirmelidigi barada eden çykyşlaryndan soň, ol bu baradaky kararyny mälim etdi.

Sessionsyň aýtmagyna görä, ol 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasynyň derňewleri bilen ilteşikli potensial karardan daşda durmak ýa-da durmazlyk barada ýurduň Adalat departamentiniň resmileri bilen “birnäçe hepdeläp” geçiren konsultasiýalaryndan soň, özüni çetleşdirmek kararyna geldi.

Mundan beýläk, şuňa meňzeş derňewleriň islendigine ABŞ-nyň baş prokurorynyň orunbasary Dana Boente sereder.

Demokratlaryň öýi we senaty, şol sanda Demokratlar öýüniň lideri Nancy Pelosi Sessionsyň çetleşdirilmegi ýeterlik däl diýip, onuň wezipeden çekilmegi üçin aç-açan çagyryş etdi. Şeýle-de, Pelosi Sessionsy Senatyň ony wezipä bellemek diňlenişigi döwründäki kasam edişlikde ýalan sözlemekde aýyplady.

Gürrüňi edilýän diňlenişikde Sessions 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasy döwründe rus hökümetinden hiç bir adam bilen gatnaşygynyň bolmandygyna we Trampyň kampaniýasynda şeýle gatnaşygy bolan hiç kimi tanamaýandygyna kasam edipdi.

Ýöne ýakynda “Washington Post” neşiri Sessionsyň saýlaw kampaniýasy döwründe Kislýak bilen azyndan iki gezek duşuşandygyny habar berdi.

Şondan soň metbugat konferensiýasynda Sessions özüniň rus ilçisi bilen Trampyň saýlaw kampaniýasynyň maslahatçysy hökmünde däl-de, senator hökmünde duşuşandygyny nygtady.

Ruslar Sessions bilen Kislýakyň arasyndaky duşuşyklar barada dörän dawalara goşulmajak bolýarlar.

2-nji martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow özüniň şeýle duşuşykdan habarly däldigini, ýöne olar duşuşan bolsa, munda şübheli bir ýagdaýyň ýokdugyny aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG