Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündiz çagalar bagy – gije jelephana


Dört sany çagalar bagynyň gije jelephana hyzmaty baradaky işini Surhandarýa welaýatynyň magaryf bölümi hem hemmetaraplaýyn derňäpdir.
Dört sany çagalar bagynyň gije jelephana hyzmaty baradaky işini Surhandarýa welaýatynyň magaryf bölümi hem hemmetaraplaýyn derňäpdir.

Gündiz çagalara fiziki sütem eden terbiýeçiler gije bolsa ol ýerde jelephana hyzmatyny ýola goýupdyrlar.

Özbegistanyň Surhandarýa welaýatynda onlarça çagalar bagyndaky garawullar bilen terbiýeçileriň gündizine çagalara fiziki sütem edip, gije bolsa ol ýerde jelephana hyzmatyny ýola goýmagynyň kazyýete ýetirilmegi bilen welaýatdaky käbir ýokary derejeli resmiler döwlet işinden boşadylypdyr.

Surhandarýa welaýat häkimliginiň bir işgäriniň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren maglumatyna görä, welaýatyň ýolbaşçylary hepdäniň ahyrynda Denau, Angar we Termez etraplaryndaky çagalar bagynda ýüze çykan etiki bolmaýan şeýle ýagdaý barasynda ýörite bir ýygnak geçiripdir.

Dört sany çagalar bagynyň gije jelephana hyzmaty baradaky işini Surhandarýa welaýatynyň magaryf bölümi hem hemmetaraplaýyn derňäpdir. Azatlyk Radiosynyň özbek gullygy bilen gürrüňdeş bolan welaýat häkimliginiň magaryf bölüminiň bir işgäri onlarça ýokary wezipeli döwlet işgäriniň çagalar baglary bilen baglanşykly işinde goýberen kemçilikleri üçin wezipeden kowlandygyny aýdýar.

Ýöne bu ugurda görülýän çäreleriň häzirlikçe doly tamamlanmandygyny bellän we habarçymyzda efirde özüniň adynyň agzalmazlygyny soran welaýat häkimliginiň şol işgäri ýene şeýle diýýär:

– Şeýle wakalar Termez etrabynyň №2 we №3 belgili çagalar bagynda bolupdyr. Ol çagalar baglarynyň ýolbaşçylarynyň iş şertnamalary gutarnykly ýatyryldy. Hut şeýle çäreler Angar we Denau etraplaryndaky çagalar baglarynyň ýolbaşçylaryna garşy hem görüldi. Şol bir wagtyň özünde, Denau etrabynyň №10 belgili çagalar bagynyň terbiýeçi zenanlary hem işinden kowuldy. Şeýle-de, Denau etrabynyň magaryf bölüminiň başlygy Suwanow Haýdar Umarowiç we welaýat häkimliginiň başlangyç bilim berýän okuw jaýlaryna seredýän metodisti hem wezipesinden boşadyldy. Şu wagt welaýatyň çagalar baglary ulgamyndan jogapkär ýene üç işgäriniň hem wezipesinden boşadylmagy barasyndaky resminamalar doly taýýar edildi.

Çagalar bagy nädip jelephana öwrülipdir?

Surhandarýa welaýatynyň Denau, Angar we Termez etraplaryndaky çagalar baglaryndaky işgärleriň gije ol ýerlerde nädip jelephana hyzmatyny gurnandygyny görkezýän wideo ýazgy sosýal ulgamlarda dürli jedelleşikleriň üns merkezine öwrüldi.

Wideo ýazgyny Termez telekanalynyň žurnalistleri noýabr aýynda organ işgärleriniň Surhandarýa welaýatynyň çagalar baglarynda geçiren reýdleri esasynda taýýarlapdyr. Wideony Surhandarýa welaýatynyň Denau, Angar we Termez etraplaryndaky çagalar baglarynda oturdylan gizlin kameralar ýazga alypdyr. Wideo ýazgyda terbiýeçileriň we beýleki işgärleriň gündiz çagalara nähili fiziki sütem edendigi, gije bolsa çagalar bagynda jelephana hyzmatyny hödürländigi görkezilýär. Şeýle-de, wideo ýazgyda, gije garawullaryň çagalar baglaryndaky otaglary moral taýdan bozuk aýallar bilen tölegli ýatmaga nähili berendigi barasynda ýerli habarçylar bilen taýýarlanan gürrüňler hem görkezilýär.

"Geçirilen reýd tutuş welaýaty geň galdyrdy"

Surhandarýa welaýat sülçüliginiň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna welaýatyň çagalar baglarynda geçirilen reýd barasynda şeýle jikme-jik maglumatlar berýär:

– Çagalar baglarynyň jelephana öwrülendigi barasynda deliller gelip gowşansoň, adam söwdasy we jelepçilik esasynda şeýle reýd durmuşa geçirildi. Geçen ýylyň noýabr aýynda agşam sagat 18-de Termez etrabynyň №2 we №23 belgili çagalar baglarynda reýd geçirildi. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri ondan owal ýagdaýy doly anyklamak üçin, şol iki çagalar bagyna gizlin wideo kamera oturtdy. Reýd mahalynda çagalar bagyny jelephana öwren çagalar bagynyň garawullary Musaýew Muhiddin we Allaýarow Rustam tussag edildi – diýip, sülçüligiň işgäri aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, çagalar bagynyň garawullary Musaýew we Allaýarow Özbegistanyň jenaýat kodeksiniň 131-nji esasyna görä ("Ten söwdasyna gatnaşmak ýa-da ýaranlyk etmek") 3 ýyl azatlykdan mahrum edilýär.

"Edep-terbiýä mätäçlik çekýän terbiýeçiler"

Gizlin kamera bilen düşürilen wideo ýazgyda bir terbiýeçiniň çagalara eline pyçak alyp nähili haýbat atýandygyny we dürli psihologiki basyşlar gurnaýandygyny, oňa tomaşa edýän üç sany kärdeşiniň bolsa aldygyna gülýändigini görmek bolýar. Şeýle-de, wideo ýazgyda, ak halatly bir terbiýeçiniň bir çaga pyçak çenäp dilini ýa-da jynsy organyny kesip biljekdigi barasynda atýan haýbatyny hem görmek mümkin.

Surhandarýa welaýatynyň sülçüliginiň işgäri Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna beren maglumatynda, bu wideo ýazgylaryň organ işgärleriniň eline tötänlikde geçendigini belleýär:

– Biz çagalar bagynda jelepçilige araçylyk edilýändigini öwrenmäge synanyşýan mahalymyz tötänleýin bu problemanyň hem üstüni açdyk. Denau etrabyndaky çagalar bagynda jynsy gatnaşyklary wideo ýazga geçirmek üçin oturdylan gizlin kamera terbiýeçiniň çagalara nähili haýbat atýandygyny, olary nähili ýençýändigini we olara nähili psihologik basyşlar edýändigini hem ýazga aldy. Şeýle delil esasynda hut şeýle ýagdaý bilen baglanyşykly-da ondan soň aýratyn jenaýat işi gozgaldy. Häzirki wagtda Denau etrabynyň №10 belgili çagalar bagynyň terbiýeçisiniň işine kazyýetde garalýar. Käbir terbiýeçileriň etmişleri babatda bolsa kazyýet bireýýäm karar çykardy. Olardan diňe biri häzir azatlykda. Sebäbi onuň entek 3 ýaşamadyk kiçi çagasy bar. Üç aýdan onuň çagasy 3 ýaşyny doldurar we ondan soň onuň terbiýeçi ejesi etmişi üçin kesilen möhleti tussaglykda geçirmek üçin tussaghana iberiler – diýip, sülçüligiň işgäri radiomyzyň žurnalistine aýdýar.

25-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna hat ýazan ene-atalar, Surhandarýa welaýatynyň hukuk goraýjy organlarynyň we häkimiýetiniň çagalar bagynda çagalara sütem edenleriň hem ol ýeri jelephana öwrenleriň jezalaryny ýeňilleşdirmäge synanyşýandygyny öňe sürip, muňa ynjalyksyzlyk bildirýärler. Olaryň aýtmagyna görä, günäliler günägeçişlikden peýdalanyp biler ýaly diňe 3 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum ediler.

"Bu waka, çagalarymyzyň geljegi üçin gaty çynlakaý derňelmelidir" diýip, surhandarýaly ene-atalar öz ýazan hatynda nygtaýar.

"Ministrligiň habary ýok!"

Şol bir wagtyň özünde Surhandarýa welaýat magaryf edarasy "şeýle ýagdaý indi gaýtalanmaz ýaly "aýyplanýanlaryň berk temmisiniň berlendigini" beýan edýär. Özbegistanyň bilim ministrliginiň wekilleri bolsa, Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna Surhandarýadaky çagalar baglarynda ýüze çykan şeýle ýagdaýdan bihabardygyny aýdýarlar.

Haçan-da, radiomyzyň žurnalisti bilim ministrligine telefon edip, başlangyç bilim bölüminiň ýolbaşçysy Sabohat Mirzajanowa, terbiýeçilik bölüminiň başlygy Hikmatilla Daminow, magaryf ulgamynyň barlag we gözegçilik bölüminiň ýolbaşçysy Kamiljan Inakow dagydan maglumat almaga synanyşanda, olar özleriniň "bu ýagdaýdan bihabardygyny" aýdyp, telefony Azatlyk Radiosynyň özbek gullugynyň habarçysynyň ýüzüne ýapypdyrlar.

XS
SM
MD
LG