Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan garaşsyz TW-niň eýesiniň çalşyrylmagyny togtatdy


Rustawi 2 TW-siniň goldawçylary Tbiliside protest mahalynda, 3-nji mart, 2017

Rustawi 2 TW-siniň goldawçylary Tbiliside protest mahalynda, 3-nji mart, 2017

Gürjüstan ýerli suduň ýurduň iň uly garaşsyz telewizion stansiýasyny hökümetiň ýakyn ýaranynyň kontrollugyna salan kararyny togtatdy.

Hökümetiň bu çäresi Ýewropanyň Adam hukuklary sudunyň buýrugyna jogap hökmünde görüldi.

Gürjüstanyň Ýokary sudy 2-nji martda Rustawi-2 telewizion stansiýasyny ozalky eýesine, biznesmen Kibar Kalwaşiniň ygtyýaryna gaýtaryp bermek barada karar çykardy.

Emma bu çäre medianyň agzyny baglamak synanyşygy hökmünde tankyt edildi, sebäbi Rustawi-2 hökümeti tankyt edýän gepleşikleri bilen tanalýardy.

Rustawi-2 TW-siniň aklawçylary suduň kararynyň üstünden Ýewropanyň Adam hukuklary suduna şikaýat etdiler we bu sud 3-nji martda Gürjüstanyň Ýokary sudunyň kararyny togtatmagy buýurdy.

Tbilisiniň köçelerinde Ýokary suduň kararyna garşy demonstrasiýa edýänler Rustawi-2 TW-siniň başlygy Nika Gwaramianyň Ýewropanyň Adam hukuklary sudunyň çykaran karary baradaky habaryny uly şowhun bilen garşy aldylar.

"Biz bu prosedura eýereris» diýip, adalat ministri Tea Tsulukiani metbugata aýtdy. Tsulukiani düýbi Strasburgda ýerleşýän suduň hökümete «telewizion stansiýanyň redaktorlyk syýasatyna hiç bir görnüşde garyşmazlyk» barada hem görkezme berendigini aýtdy.

Resmiler Rustawi-2 TW-sini bir taraplylykda aýypladylar, ýöne hökümet tankytçylary dolandyryjy «Gürjüstanyň arzuwy» partiýasynyň ýakyn ýarany bolan Kalwaşiniň hökümeti berk tankytlap bilýän ýeke-täk telewideniýäni sem etmeginden alada bildirdiler.

Tankytçylar bu kararyň arkasynda milliarder, «Gürjüstanyň arzuwyny» esaslandyran we bir ýyllap premýer-ministr bolup işlän Bidzina Iwanişwiliniň durandygyny aýdýarlar.

«Gürjüstanyň arzuwy» bilen oňuşmaýan prezident Giorgi Margwelaşvili hem 3-nji martda bu telekanalyň eýesiniň çalşyrylmagyny tankyt etdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG