Sepleriň elýeterliligi

Meşhur türkmen kinoçysy Hojaguly Narlyýew 80 ýaşady


Hojaguly Narlyýew

Hojaguly Narlyýew

Anna güni Moskwada, Orsýetiň kinematorafiýaçylarynyň Merkezi öýünde meşhur türkmen kinorežissýory, kinooperator, kinossenariçi we SSSR-iň döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistan SSR-niň halk artisti, aktýor Hojaguly Narlyýewyň 80 ýaş toýy bellenildi.

Hojaguly Narlyýewiň ýaş toýuna öňki sowet soýuzynyň dürli ýurtlaryndan bolan kärdeşleri geldiler we ýubileý dabarasynda çykyş etdiler diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň Moskwadaky habarçysy Ulugbek Ýoldaşowyň Türkmen gullugy üçin taýýarlan wideosýužetinde aýdylýar.

Özbegistanyň halk artisti Şöhrat Irgaşow Hojaguly Nyrlyýewi onuň iň meşhur kino eseri bolan we köp baýrak alan meşhur «Gelin» filminden hem öň tanaýandygyny gürrüň berdi.

Çykyş edenler, tanymal kinorejissýor Aly Hamraýew, kinodramaturg Adilşa Adişew,Orsýetiň halk artisti Larisa Lužina, tanymal futbol treneri Waleriý Nepomnişiý, Orsýetiň at gazanan artisti Natalýa Arinbasarowa, at gazanan artist Gasan Mammedow we beýlekiler Narlyýewi hakyky adam, ajaýyp pedagog we halypa hasaplaýandyklaryny aýtdylar.

Meşhur türkmen kinoçysynyň kärdeşleri Hojaguly Narlyýewiň «dünýä kino sungatynyň talaplary esasynda taýýarlanan filmleriniň öz many-mazmuny boýunça könelip, möwritini geçirip bilmejekdigini» bellediler.

Şeýle-de bu dabarada türkmenistanly kinoçylar Myrat Alyýew we Eduard Rejebow dagy hem çykyş etdi.

Hojaguly Narlyýewiň aýaly, ussadyň türkmen kino sungatyna uly meşhurlyk getiren «Gelin» kinosynda türkmen gelniniň gaýtalanmajak ajaýyp obrzyny döreden meşhur türkmen aktrisasy Maýagözel Aýmedowa dabarada çykyş edip, şeýle diýdi:

«Men bu gün siziň hemmäňiziň bu ýere gelip üýşeniňize gaty begenýärin we guwanýaryn, siziň öňüňizde başymy egýärin, bu gün Hoja Narly 80 ýaşady – diýip, aktirsa ol hakynda kän gürrüň etmekçi däldigini, sebäbi onuň şonsuzam gowy tanalýandygyny belledi.

Şeýle-de, ençeme ýyl bäri Orsýetde ýaşaýan meşhur türkmen aktrisasy Maýagözel Aýmedowa bu pursatdan peýdalanyp, «hemme türkmen iline salam aýtdy» we bu gün-erte «ýene öz iline barýandygyny» habar berdi.

«Öz ilime döneýin, öz türkmenlerime döneýin» diýip, Aýmedowa sözüni soňlady.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň Moskwadaky habarçysy Ulugbek Ýoldaşowyň wideoreportažy esasynda taýýarlandy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG