Sepleriň elýeterliligi

Trampyň täzelenen gadaganlyk kararyna gol çekmegine garaşylýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň habar gulluklary prezident Donald Trampyň 6-njy martda musulmanlaryň köplükde ýaşaýan ýurtlarynyň bir toparyndan syýahat gadaganlygynyň täzelenen görnüşine gol çekjekdigini habar berýärler.

Politico we CNN adminstarsiýa resmisine salgylanyp, hökümet kararyna gol çekmegiň Içerki howpsuzlyk departamentinde geçiriljekdigini habar berdi.

Emma muňa garamazdan, resminiň aýtmagyna görä, prezidentiň bu karara gol çekmegiň wagtyny üýtgetmegi hem mümkin.

27-nji ýanwarda gol çekilen başky hökümet karary musulmanlaryň köplükde ýaşaýan ýedi ýurdundan bolan syýahatçylaryň Birleşen Ştatlara girmegini 90 günläp gadagan edipdi, umuman bosgunlaryň kabul edilmegini bolsa 120 günläp togtatmaly edipdi, siriýaly bosgunlaryň işine seredilmegini näbelli möhlete çenli durzupdy.

XS
SM
MD
LG