Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Hökümet güýçleri Mosulyň günbatar bölegine hüjüm edýär


Günbatar Mosul. Söweşden gaçýan adamlar. 2-nji mart, 2017.
Günbatar Mosul. Söweşden gaçýan adamlar. 2-nji mart, 2017.

ABŞ-nyň goldawyndaky yrak goşunlary 5-nji martdaTigir derýasynyň günbatar kenaryna, Mosulyň şäher merkezine,«Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň elindäki ýere tarap täze hüjüme başlady.

Yrak güýçleri günortadan we günorta-günbatardan hüjüm edýärler diýip, brigada generaly Ýahýa Rasul, bilelikdäki söweş operasiýasynyň sözçüsi döwlet eýeçiligindäki telewideniýä aýtdy.

ABŞ-nyň goldawyndaky yrak goşunlary Mosulyň günbatar böleginde galan YD söweşijilerine garşy esasy hüjüme 19-njy fewralda, jeňçileri şäheriň gündogar böleginden kowup çykarynlaryndan tas bir aý soňbaşladylar.

Yrak güýçleri soňky 48 sagatda, ýaramaz howa sebäpli, öz hüjümlerine arakesme beripdiler.

Mosulyň günbatar böleginiň köp ýeri entegem YD-nyň ygtyýarynda galýar.

XS
SM
MD
LG