Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Gunduz welaýatynda bäş ofiser öldürildi


Gunduz, Takhar ýoly
Gunduz, Takhar ýoly

5-nji mart güni irden, Gunduz welaýatynyň barlag nokadyna edilen hüjüm mahalnyda azyndan bäş sany polisiýa ofiseri öldürildi diýip, owgan resmileri aýtdylar.

Gunduz şäheriniň golaýyndaky posta «Talyban» söweşijileriniň uly topary hüjüm etdi diýip, welaýat polisiýasynyň başlygy, general Abdul Hamid Hamid aýtdy.

Şu aralykda Gunduz welaýatynyň Ymam Sahib etrabynda 18 pitneçi öldürildi diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Gunduz welaýatyndaky terror hüjümleriniň soňuna çykmak üçin planlaşdyrylan operasiýada esasy terrorçylar öldürilipdir.

Farýap welaýatynda bolsa,maşyny bombanyň üstünde baryp, etrap ýolbaşçysy öldi. 4-nji martda bolan partlamada bir ofiser ýaralandy we bu hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

Farýap welaýatynda bolan başga bir hadysada pitneçiler barlag nokadyna hüjüm edip, ýerli howpsuzlyk güýçlerinin komandirini öldürdiler.

XS
SM
MD
LG