Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat Ženewada raýat hukuklary barada hasabat berer


Türkmenistan. Köçe arassalaýjylar

Türkmenistan. Köçe arassalaýjylar

Birleşen milletler guramasynyň Adam hukuklary komiteti 8-9-nji martda Türkmenistanyň raýat we syýasy hukuklar baradaky hasabatyny diňlär diýip, “Gündogar” saýty habar berýär.

Türkmenistan Raýat we syýasy hukuklar baradaky Halkara konwensiýasynyň düzgünlerini berjaý edişi baradaky ilkinji hasabatyny 1998-nji ýylda bermelidi, emma ol 2012-nji ýylyň martyna çenli gijikdirildi.

Daşary ýurtdaky habar saýtynyňmaglumatyna görä, 6-njy martda BMG-nyň Ženewadaky edarasynda Adam hukuklary komitetiniň 119-njy sessiýasynyň açylyşy bolar we onuň dowamynda BMG-nyň agza ýurtlarynyň bir toparynyň Raýat we syýasy hukuklar baradaky Halkara konwensiýasyny berjaý edişleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň hökümet delegasiýasynyň hasabaty 8-nji martyň ikinji ýarymynda we 9-njy martyň birinji ýarymynda diňlener. Adatça bolşy ýaly, türkmen metbugaty bu diňlenişik barada hiç bir maglumat bermeýär.

Aýdylmagyna görä, resmi Aşgabadyň hasabatyndan başga, Adam hukuklary baradaky komitet üçin alternatiw hasabatlar hem taýýarlanyldy.

Ol hasabatlar adam hukuklaryny gözegçilik edýän “Hýuman Raýts Wotç”, Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” we Adam hukuklary baradaky Halkara partnýorlygy guramalary, “Halkara anti-gulçylyk» guramasy, “Pagta kampaniýasy” we “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” proýekti, “Olaryň diri görkeziň” atly halkara kampaniýa, Ýehowanyň hristian şaýatlarynyň Ýewropa Birleşigi, «Türkmenistan bilen graždan raýdaşlygy» topary tarapyndan taýýarlanyldy.

Bu diňlenişik ABŞ-nyň döwlet departamentiniň Ýurtlar boýunça ýyllyk adam hukuklary hasabatyny çap eden wagtynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Bu hasabatda Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri dowam edýän eden-etdilikli tussag etmeleriň, adam gynamalarynyň dowam edýändigi we adam hukuklaryny bozan resmileriň jogapkärçilige çekilendigi barada maglumat berilmeýändigi aýdylýar.

Döwlet departamentiniň 2016-njy ýyl boýunça ýyllyk hasabatynda, dünýewi, hukuk döwleti bolmagyna garamazdan, Türkmenistanyň hökümetiniň awtoritardygy, prezident we onuň ýakyn töweregi tarapyndan kontrolda saklanylýandygy, raýatlaryň azat we adalatly saýlaw arkaly öz ýolbaşçylaryny çalşyryp bilmeýändigi bellenilýär.

2012-nji ýylda, Türkmenistan BMG-nyň Adam hukuklary baradaky komitetinde raýat we syýasy hukuklar barada ilkinji hasabatyny bereninden soň, resmi Aşgabada berlen esasy rekomendasiýalaryň biri hem adam gynamalarynyň we beýleki ýowuz, adamkärçiliksiz daraşma praktikalarynyň garşysyna çäre görülmegi barada bolupdy.

Ozalky tussaglaryň köpüsiniň berýän maglumatlaryna we halkara hukuk guramalarynyň çap edýän hasabatlaryna görä, Türkmenistanda raýatlary özlerine we başgalara garşy görkezme almaküçin gorkuzmak we gynamak, özlerine garşy görkezme berdirmek adaty zada öwrüldi we bu ýagdaý döwlet telewideniýesiniň jenaýatçylyk baradaky gepleşiklerine hem tassyk bolýar.

Mundanam başga, ýurtda söz we metbugat azatlygynyň, din azatlygynyň, hereket azatlygynyň, syýasy-ykdysady azatlyklaryň sistemalaýyn çäklendirilýändigi aýdylýar.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň bu gezekki hasabaty Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň –ombudsmeniň wezipesine belleniljek adamyň kesgitlenýän wagtyna gabat geldi.

Prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda parlamentiň başlygyna ýüzlenip, «men size Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň wezipesine hödürlenilýän adamlaryň maglumatlaryny iberýärin» diýdi. Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, parlament bu meselä ýakyn wagtda seredip, degişli çözgüt kabul etmeli.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyna ýakyndan belet hukuk goraýjylaryň köpüsi ombudsmeniň öz işini ýerli we halkara kanunçylygy esasynda dogry berjaý edip biljegine, ýagny oňa häkimiýetler tarapyndan kanun esasynda işlemek mümkinçiliginiň dörediljegine şübheli garaýarlar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistany dünýäniň iň bir repressiw we ýapyk ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG