Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew

Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň 6-njy martda Aşgabatda geçirlen gepleşikleri ikiçäk görnüşde boldy.

Resmi maglumatlarda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 6-njy martda iki günlük sapar bilen Aşgabada baran Şawkat Mirziýaýewe öz çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirendigi habar berildi.

“Bu sapar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk pugtalanmagy we ösmegi ugrunda möhüm ädim” diýip Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdandygy maglumatda bellendi.

Türkmenistanyň döwlet mediasynyň habar bermegine görä, resmi gepleşiklerde döwlet baştutanlary türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli giň göwrümli meseleleri öň gelnen ylalaşyklary durmuşa geçirmek esasynda maslahat edipdirler.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýaýewiň ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady aragatnaşyklara we gumanitar-medeni gatnaşyklara itergi bermek barada maslahat edendigi habar berilýär. Şeýle-de taraplar regional we halkara syýasatyna degişli meseleler barada pikir alyşypdyr.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň aradan çykmagynyň yzýany häkimiýet başyna geçen we dekabryň başynda prezident saýlanan Şawkat Mirziýaýewiň Aşgabada eden sapary onuň döwlet baştutany wezipesindäki ilkinji saparydyr.

XS
SM
MD
LG