Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Parlament prezidentiň käbir ygtyýarlyklaryny çäklendirmegi makullady


Gazagystanyň parlamenti
Gazagystanyň parlamenti

Gazagystanyň parlamenti prezidentiň käbir ygtyýarlyklaryny hökümet agzalaryna we kanun çykaryjylara bermek üçin baş kanunyna girizilen üýtgetmeleri tassyklamak boýunça maslahatyň soňky tapgyryny geçirdi.

6-njy martda tassyklanan kanun üýtgetmeleri Nursoltan Nazarbaýewiň gol çekmeginden soň güýje girer.

76 ýaşly Nazarbaýew kommunistik döwründen bäri öňki sowet respublikasyna ýolbaşçylyk edip gelýän ýeke-täk liderdir.

Nazarbaýewiň teklip eden kanun üýtgetmeleriniň hökümet ministrlerine has köp ygtyýar we jogapkärçilik bermek arkaly nebite baý ýurtda sosial we ykdysady ösüşe itergi bermegi göz öňünde tutýandygy aýdylýar.

Bu çäre syýasy geçişi aňsatlaşdyrmak maksadyny göz öňünde tutýan bolmagy baradaky çaklamalary döretdi.

XS
SM
MD
LG