Orsýetiň sudy çaganyň zuluma sezewar edilýändigini görkezýän wideony paýlaşandygy üçin tussag edilen çagalar bagynyň mugallymyny boşatmagy karar etdi. Zenan öz hereketini ýagdaýa köpçüligiň ünsüni çekmek maksady bilen düşündirdi.
Kurgan welaýatynyň baş sudy bäş aýlyk türme tussaglygyna höküm edilen Ýewgeniýa Çudnowetsyň günäsini ýatyrdy diýip onuň aklawçysy 6-njy martda mälim etdi.
Orsýetiň baş sudy Kurgan welaýatynyň suduna bu işe gaýtadan garamagy 28-nji fewralda tabşyrdy. Resmiler suduň kararynyň türmä baran badyna zenanyň boşadyljagyny aýdýarlar.
33 ýaşly Ýewgeniýa Çudnowets awgust aýynda VKontakte sosial ulgamynda paýlaşan wideosy arkaly meselä ünsi çekmek isländigini aýtmagyna garamazdan, noýabr aýynda tussaglyga höküm edilipdi.
Wideonyň paýlaşylmagynyň netijesinde polisiýa bir erkek adamy we zenany ele saldy, olar üç we alty ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi.
Çudnowetsiň tussag edilmegi jemgyýetde nägilelik döredipdi.