Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Prezident Atambaýew kanun çykaryjylaryň üstünden düşdi


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ýanwar aýynda heläkçilige uçran uçaryň özüne gatnaşygynyň bar bolmagy baradaky çaklamalary öňe süren kanun çykaryjylaryň üstünden düşdi we parlamenti dargadylmaly diýip aýdan kanun çykaryjyny goldady.

Atambaýew 6-njy martda Bişkekde eden çykyşynda kanun çykaryjylaryň “myş-myşlary ýaýradýandygyny” aýdyp, heläkçilige uçran uçaryň özüne we aýalyna degişli bolmagy baradaky çaklamalary ret edýändigini gaýtalady.

“MyCargo 747-400” kysymly uçaryň heläkçilige uçramagynyň netijesinde dört ekipaž agzasy we 35 ýolagçy heläk bolupdy. Onuň eýeçiligine we barýan ýerine degişli soraglar dürli çaklamalary döredipdi.

Atambaýewiň eden çykyşy ýurtda “Ata-Meken” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýewiň tussaglygy bilen bagly syýasy dartgynlylygyň dörän wagtyna gabat geldi.

1-nji martda Tekebaýewiň aklawçysy öz müşderisiniň agzalan uçaryň prezident Atambaýewe we onuň aýalyna degişlidigini subut edýän dokumentleri paş etmeginiň öňüni almak üçin tussag edilendigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň parlamentinde uçar heläkçiliginiň sebäpleri boýunça derňew geçirýän komissiýasynyň başlygynyň orunbasary bolan Tekebaýew 26-njy fewralda saklanyp, deslapky tussaglyga höküm edildi. Tekebaýew özüne garşy gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrýar.

5-nji martda Ata-Meken partiýasy Tekebaýewi 19-njy noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda öz dalaşgäri hökmünde öňe sürýändigini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG