Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrowyň gyzy Aýşadyň ilkinji zenan geýimleri sergisi görkezildi


Firdaws moda öýüniň nusgalyk zenan eginbaşlary
Firdaws moda öýüniň nusgalyk zenan eginbaşlary

Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrowyň 18 ýaşyndaky gyzy, "Firdaws" moda öýüniň ýolbaşçysy Aýşat paýtagt Groznyda zenan geýimleriniň ilkinji sergisini gurnady.

Munyň bilen baglanyşykly "RIA Nowosti" habar gullugy maglumat berýär.

Groznyda geçirilen çärä Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow, onuň ýanýoldaşy Medni Kadyrowa, tanymal italýan modelýeri Stefano Riççi, "Chopart" firmasynyň kömekçi başlygy Karolina Kruozi-Şoýfele, "Hello" žurnalynyň baş redaktory Swetlana Bondarçuk, prodýusser Ýana Rudkowskaýa, meşhur türgen Ýewgeniý Plýuşenko, aýdymçy Nýuşa we beýleki tanymallar gatnaşdy.

Tomaşaçylara mahmal, ýüpek, şifon we fransuz kružewasyndan tikilen, şeýle-de ýarym gymmatbaha daşlar bilen bezelen 30-dan gowrak zenan eginbaşy görkezildi.

Dizaýneriň aýtmagyna görä, çeçen milli eginbaşlaryny öwrenenden soň onda şeýle geýim nusgalaryny taýýarlamak pikri döräpdir.

Aýşat her bir eginbaş nusgasynda milli nagyşlaryň bardygyny we bu işde diňe öz ejesinden maslahat alandygyny aýdýar.

Onyň bellemegine görä, aslynda bütindünýä adatlaryna bap gelýän ol eginbaş nusgalary moda eýerýän musulman zenanynyň obrazyny suratlandyrýar.

Çärede moda öýüne mahsus parfiumlar - atyrlar hem tomaşaçylara görkezilipdir we Aýşat ilkinji atyr çüýşesini öz ejesi Medni Kadyrowa sowgat edipdir.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, "Firdaws" moda öýüni 2009-njy ýylda prezident Kadyrowyň aýaly Medni döredipdir.

Ol moda öýi 2011-nji ýylda Moskwada geçirilen modelýerleriň halkara bäsleşiginde "Gran-pri" baýragyna mynasyp bolupdyr.

2016-njy ýylda bolsa Kadyrowa moda öýüniň baştutanlygyny gyzy Aýşada tabşyrypdyr.

XS
SM
MD
LG