Sepleriň elýeterliligi

Türkmen halkynyň adyndan özbek halkyna ahalteke bedewi sowgat berildi


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň ýurda edýän saparynyň dowamynda türkmen halkynyň adyndan özbek halkyna ahalteke bedewini sowgat berdi.

Bu çäre 6-njy martda Köpetdagyň etegindäki Türkmenistanyň prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda amala aşyryldy.

“Munuň özi iki ýurduň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy” diýlip, Türkmenistanyň resmi mediasynda habar berildi.

Şol bir wagtyň özünde käbir halkara habar serişdeleri Berdimuhamedowyň bu ahalteke atyny özbek prezidentine sowgat berendigini habar berdiler.

Şawkat Mirziýaýew iki günlük resmi sapar bilen 6-njy martda Aşgabada bardy.

XS
SM
MD
LG