Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak güýçleri Mosuldaky Merkezi banky, kazyýet sudy ele saldy


Mosula edilen howa zarbasyndan soň, tüssäniň asmana galýandygyny görse bolýar. 6-njy mart, 2017 ý.
Mosula edilen howa zarbasyndan soň, tüssäniň asmana galýandygyny görse bolýar. 6-njy mart, 2017 ý.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň Merkezi bakynyň Mosuldaky esasy şahamçasyny, şol sanda “Yslam döwleti” söweşiji topar tarapyndan esasy kazyýet sudy hökmünde peýdalanylýan binany ele saldylar diýip, yrak harbylarynyň metbugat wekili aýtdy.

Gürrüňi edilýän sud ýowuz hökümleri çykarmakda tanalýardy. Olaryň arasynda tussaglary daşlamak, olary jaýyň üçeginden aşak zyňmak ýa-da adamlaryň elini kesmek ýaly çäreler bar.

Agzalýan bank 2014-nji ýylda “Yslam döwleti” topary Mosuly basyp alan mahaly talanypdy.

Düýn gijäň ýary Yragyň ýörite güýçleri Mosulda esasy hökümet binalarynyň, şol sanda Merkezi bankyň şahamçasynyň we kazyýet sudunyň ýerleşýän ýerine reýd geçirdiler diýip, 7-nji martda podpolkownik Abdel Amir al-Mohammadawi aýtdy.

“Reýdler bir sagat çemesi dowam etdi. Olar Daeş toparynyň onlarça agzasyny öldürdiler” diýip, al-Mohammadawi belledi.

XS
SM
MD
LG