Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň tussag edilen öňki resmisine öýünde galmaga rugsat berildi


Moldowanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Leonid Talmaçi.
Moldowanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Leonid Talmaçi.

Moldowanyň sudy ýurduň Merkezi bankynyň öňki başlygy Leonid Talmaçiniň öýünde galmagyna rugsat berdi diýip, onuň aklawçysy aýtdy. Talmaçi bidüzgünçilik aýyplamalary bilen tussag edilenden soň, ýürek näsazlyklary sebäpli keselhana ýerleşdirilipdi.

Onuň aklawçysy Witaliý Nagaçewskiý özüniň 7-nji martda beren maglumatynda häzirki wagt müşderisiniň Kişinewdäki keselhanada saklanylýandygyny we saglygy gowulaşsa, onuň öýüne geçiriljekdigini aýtdy.

Derňewler dowam edýän mahaly, ol suduň gözegçiliginde saklanylar diýip, Nagaçewskiý belledi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda ýüreginden operasiýa edilen Talmaçi 3-nji martda tussag edilip, 15 gün möhlet bilen deslapky tussaghana ýerleşdirilipdi. Ol şol güni ýürek näsazlyklary sebäpli keselhana äkidildi.

Talmaçi döwlet ulag ätiýaçlandyryş ulgamynyň maliýe taýdan uly ýitgi çekmegine sebäp bolan bidüzgünçilige gatnaşmakda güman edilýär diýip, derňewçiler aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG