Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da tussag edilen owgan maşgalasy azatlyga goýberildi


Illýustrasiýa

Illýustrasiýa

Geçen hepde Birleşen Ştatlara “ýörite immigrasiýa” wizasy bilen sapar edensoň, Los-Angeles şäherinde tussag edilen owgan maşgalasy 6-njy martda azatlyga goýberildi diýip, hökümet resmileri aýtdylar.

Bu maşgalanyň aklawçylary 2-nji martda Los-Anjeles halkara aeroportunda üç çaganyň hem-de olaryň ejesi we kakasynyň näme sebäpden tussaghana äkidilendigi heniz hem nämälim bolmagyna galýar diýdiler.

Emma aklawçy Robert Blume bu tussag edilmeleri Birleşen Ştatlaryň immigrasiýa häkimiýetleri tarapyndan edilen ýalňyşlyk diýip häsiýetlendirdi.

Gürrüňi edilýän maşgala Los-Anjeles şäherine barandan soň, Waşingtona uçmagy we şol ýerde galmagy planlaşdyrýardy. Emma olar Los-Anjelesde ABŞ-nyň Gümrük we serhedi goramak gullugynyň agentleri tarapyndan tussag edilipdiler.

XS
SM
MD
LG