Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tuhbatullin Aşgabada basyşyň netije berýändigini aýdýar


Farid Tuhbatullin
Farid Tuhbatullin

Türkmenistan Ženewada, BMG-nyň Adam hukuklary komitetinde BMG-nyň Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara pakty esasynda ikinji döwürleýin hasabatyny berýär.

Resmi Aşgabat bu ugurdaky ilkinji hasabatyny 1998-nji ýylda bermelidi, emma gijigip, 2012-nji ýylda berdi.

«Türkmenistanyň Hronikasy» we «Gündogar» saýtlary 8-nji we 9-njy martda geçirilýän diňlenişige, Türkmenistanyň hökümetiniň resmi delegasiýasynyň taýýarlan resmi hasabatyndan başga, alternatiw hasabatlaryň hem hödürlenendigini habar berýär.

Resmi türkmen mediasy bu diňlenişik barada maglumat bermeýär.

Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin mundan öň Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýy barada diňe öz guramalarynyň alternatiw hasabat taýýarlap gelendigini, emma bu gezek bir topar guramanyň hasabat taýýarlamagynyň özlerini ruhlandyrandygyny aýtdy.

Alternatiw hasabat taýýarlan guramalaryň arasynda, «Türkmen inisiatiwasy» we «Adam hukuklary baradaky halkara partnýorlygyndan» başga, adam hukuklaryny gözegçilik edýän “Hýuman Raýts Wotç”, “Halkara anti-gulçylyk» guramasy, “Pagta kampaniýasy”, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” proýekti, “Olaryň diri görkeziň” atly halkara kampaniýa, Ýehowanyň hristian şaýatlarynyň Ýewropa Birleşigi «Türkmenistan bilen graždan raýdaşlygy» toparlary hem bar.

Hukuk goraýjy Tuhbatullin Ženewadaky duşuşyklara gatnaşmazynyň öňüsyrasynda Azatlyk radiosyna beren gürrüňinde resmi Aşgabadyň bu gezekki hasabatynyň Türkmenistanda dörän agyr ykdysady krizis şertlerinde, alternatiw habar çeşmelerine görülmedik derejede basyş edilýän mahalynda, Berdimuhamedowyň geçen aý bolan saýlawlarda sesleriň 98 prosente golaýyny alyp, täze möhlete resmi taýdan gaýtadan saýlanmagynyň yz ýanyndan diňlenýändigini belledi.

Türkmenistan azatlyklaryň derejesi boýunça halkara reýtinglerinde ozalkylary ýaly iň soňky orunlarda galýar, emma muňa garamazdan, resmi Aşgabat hukuk goraýjylaryň edýän talaplaryna indi nähilem bolsa baş galdyrman bilmeýär diýip, Tuhbatullin aýdýar. Ol bu sözüni soňky ýyllarda türkmen türmeleriniň daşary ýurtly ekspertlere görkezilmeginde käbir ädimleriň ädilýändigi bilen delillendirdi.

«Men muny halkara guramalarynyň basyşlarynyň, şol sanda türkmen hukuk goraýjylarynyň alyp barýan işleriniňnetijesi hasaplaýaryn» diýip, Tuhbatullin Azatlyk radiosyna aýtdy. «Türkmenistanda dörän agyr adam hukuklary ýagdaýynda çalt özgerişlige garaşmak dogry bolmaz, şol bir wagtda, uzak ýyllap edilen basyşlaryň türkmen häkimiýetlerini ýagdaýy gowulaşdyrmaga tarap nähilem bolsa bir ädim etmäge iterýändigini bellemeli we biz bu ýerde amala aşmagy kyn çalasyn özgeriş üçin däl-de, gelejek üçin işleýäris» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hukuk goraýjynyň ynanjyna görä, Türkmenistanyň hökümeti Ženewada häkimiýetler tarapyndan alnyp barylýan repressiýa syýasaty baradaky soraglara aç-açan jogap bermeli bolar. “Indi diňe kabul edilen kanunçylara, planlara we programmalara salgylanmak ýeterlik bolmaz, hökümet ýurduň raýatlarynyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekdäki ukypsyzlygynyň sebäbini düşündirmeli bolar” – diýip, ol aýtdy.

AHTI-niň we AHHP-nyň Ženewada, BMG-nyň Adam hukuklary komitetinde geçýän diňlenişige hödürlänalternatiw hasabatlarynda raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara paktda berkidilen adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly problemalar, şol sanda «Garaşsyz habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy hereketleriň bolmazlygy; Raýatlaryň dowam edýän gurluşy wasp edýän çärelere gatnaşmaklary üçin köpçülikleýin mobilizlenmegi; Ýaramazlaşýan ykdysady ýagdaý we geçen aý geçirilen prezident saýlawlary bilen baglylykda daşary ýurt žurnalistleri, raýat jemgyýetiniň aktiwistleri we dissidentler babatdaky repressiýanyň täze tolkuny; Internet resurslarynyň mazmunyna gözegçilik we sosial ulgamlary ulanyjylaryň gorkuzylmagy; Ýurtdan goýberilmesiz raýatlaryň gara sanawlaryny düzmek; Eden-etdilikli tussag etmeler» we beýlekiler barada anyk mysallar arkaly goşmaça maglumat berlipdir.

XS
SM
MD
LG