Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Keselhana hüjüminde 30-dan gowrak adam öldi


Sardar Mohammad Daud Han keselhanasynyň golaýynda howpsuzlyk güýçleri sebite gözegçilik edýär. 8-nji mart, 2017 ý. Kabul

Sardar Mohammad Daud Han keselhanasynyň golaýynda howpsuzlyk güýçleri sebite gözegçilik edýär. 8-nji mart, 2017 ý. Kabul

Owganystanyň paýtagty Kabuldaky harby keselhana ýaragly adamlaryň hüjüm etmegi netijesinde 30-dan gowrak adam öldi we başga-da ençemesi ýaralandy diýip, owgan goranmak ministri aýdýar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly söweşiji topar öz üstüne aldy.

8-nji martda ýaragly adamlar Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň golaýynda ýerleşýän Sardar Mohammad Daud Han keselhanasyna hüjüm etdiler, howpsuzlyk güýçleri hem hassahananyň içine girdiler diýip, resmiler we waka şaýat bolanlar aýdýarlar.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili general Dawlat Waziri keselhananyň girelgesinde bolan partlamadan we ok atyşykdan soň, sany näbelli ýaragly adamlaryň hassahananyň içine girendigini mälim etdi.

Kabulyň Wazir Akbar Han sebitindäki 400 otagly harby keselhana iki jemgyýetçilik hassahanasynyň golaýynda ýerleşýär.

“Hüjümçiler keselhananyň ikinji we üçünji gatlarynda ýerleşýär. Häzirki wagt ok atyşyklar dowam edýär” diýip, Waziri aýtdy.

“Häzire çenli iki adamyň jesedi we başga-da 25 sany ýaralanan adam golaýdaky Wazir Mohammad Akbar Han keselhanasyna alnyp gidildi” diýip, Saglygy saklaýyş ministrliginiň metbugat wekili Mohammad Ismail Kawusi belledi.

Owgan prezidenti Aşraf Gani Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli geçirilen çärede wakany “owgan halkyna we owgan zenanlaryna edilen hüjüm” diýip ýazgardy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG