Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe, Germaniýa gatnaşyklary gaýtadan dikeltmegiň ‘üstünde işlemeli’


Nemes daşary işler ministri Sigmar Gabriel we türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu. 8-nji mart, 2017 ý.

Nemes daşary işler ministri Sigmar Gabriel we türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu. 8-nji mart, 2017 ý.

Nemes daşary işler ministri Sigmar Gabriel Germaniýa we Türkiýe birnäçe diplomatik meseleler tarapyndan zeper ýeten gatnaşyklaryny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işlemeli diýdi. Emma şol bir wagtda, ol Ankarany islendik dawany nasistler bilen deňeşdirmek “geçilmeli däl gyzyl çyzyk” diýip duýdurdy.

8-nji martda Berlinde türk daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen geçiren gepleşiklerinden soň Gabriel, iki tarapdaky pikir dürliliklerine garamazdan, “dialogdan başga alternatiwa ýok. Sebäbi bu biziň adaty we dostlukly gatnaşyklarymyza dolanmagymyzyň ýeke täk ýoly” diýdi.

Iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky bu duşuşyk, ýakynda Türkiýede nemes-türk žurnalisti Deniz Ýüjel tussag edileni we türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň ygtyýarlyklaryny güýçlendirmek baradaky konstitusion referendum dogrusynda Germaniýada geçirilýän türk kampaniýasy sebäpli dörän diplomatik dawadan bäri bolan ilkinji gepleşikdir.

Germaniýada ýaşaýan türkleriň 1,4 milliony 16-njy aprelde Türkiýede geçiriljek referendumda ses berip bilýär.

XS
SM
MD
LG