Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň adam hukuklary başlygy Trampyň immigrasiýa syýasatyny tankytlady


BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Zeid Ra'ad al-Hussein. 8-nji mart, 2017 ý. Ženewa
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Zeid Ra'ad al-Hussein. 8-nji mart, 2017 ý. Ženewa

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça başlygy Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň immigrasiýa syýasaty migrantlaryň kollektiwleýin göçürilmegine sebäp bolup biler diýip, munuň halkara kanunlarynyň bozulmagyny aňladýandygyny duýdurdy.

Şeýle-de, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Zeid Ra'ad al-Hussein 8-nji martda çykyş edip, ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat alty ýurduň raýatlaryna 90 günüň dowamynda ABŞ girmegi gadagan edýän Birleşen Ştatlaryň täze syýasaty dogrusynda hem aladalanýandygyny mälim etdi.

Zeid Ženewada geçirilýän BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň ýyllyk ýygnagynda çykyş edip, bu syýasat migrantlaryň ABŞ-da näçe ýyl ýaşandygyna ýa-da olaryň maşgala köklerine garamazdan, dessine deportasiýa edilmek töwekgelçiligindäki migrantlaryň sanyny ep-esli artdyrar diýdi.

Ol Birleşen Ştatlarda barha artýan diskriminasiýa, antisemitizme hem-de etniki we dini azlyklara garşy amala aşyrylýan ýowuzlyklara garşy göreşmek üçin has güýçli häkimiýete zerurulygyň bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG