Sepleriň elýeterliligi

Kabulyň keselhanasyna edilen hüjümde ölenleriň sany 49 adama ýetdi


Kabuldaky keselhanada heläk bolan adamlaryň dogan-garyndaşlary aglaýar. 8-nji mart, 2017 ý.

Kabuldaky keselhanada heläk bolan adamlaryň dogan-garyndaşlary aglaýar. 8-nji mart, 2017 ý.

Owganystanyň häkimiýetleri Kabuldaky harby keselhana edilen hüjümde ölenleriň sanynyň 49 adama ýetendigini aýdýarlar.

9-njy martda Kabulyň keselhanalar müdiri Salim Rassouli “Sardar Mohammad Han” harby hassahanasyna edilen hüjümde 49 adamyň ölendigini we başga-da azyndan 63 sanysynyň ýaralanandygyny aýtdy.

8-nji martda edilen hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly ekstremist topar öz üstüne aldy. Şol wakada saglyk işgärleriniň egin-eşiklerini geýen ýaragly adamlar 400 otagly keselhana hüjüm edip, lukmanlary, näsaglary we ol ýere baran adamlary atyp öldürdiler.

Owganystany Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Kamaruddin Sediki wakada ölenleriň sanynyň 49 adama ýetendigini tassyklady, emma ýaralananlaryň sanynyň 76 adamdan ybaratdygyny aýtdy. Beýleki owgan resmileri hüjümde 90 adamyň ýaralanandygyny bellediler.

Owganystanyň iň uly harby keselhanasy - Sardar Mohammad Daud Han – berk goragda saklanylýan Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň golaýynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG