Sepleriň elýeterliligi

Nemes daşary işler ministri täze ýarag ýaryşynyň howply bolup biljekdigini duýdurdy


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel. 9-njy mart, 2017 ý.

Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel Russiýany gündogar Ukrainadaky konflikt zerarly möwjän täze ýarag ýaryşynyň howply bolup biljekdigi barada duyduryp, umumy kabul edilen ýaraglaryň sanyny azaltmaga çagyrdy.

9-njy martda Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren gepleşiklerinden soň Gabriel, iki tarapyň gepleşikleri “Normand formatynda” dowam etdirmek barada ylalaşandygyny aýtdy.

Agzalýan formatyň düzümine Russiýa, Ukraina, Germaniýa we Fransiýa girip, bu gepleşileriň çäginde gündogar Ukrainada Moskwa tarapdar separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky konfliktiň soňuna ýetmek barada maslahat edilýär.

Germaniýa NATO-ny 4000 çemesi harbysy bilen üpjün etdi. Bu harbylar NATO tarapyndan Baltik ýurtlarynda we Polşada ýerleşdirildi. Bu ýurtlarda Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Moskwanyň regiondaky meýilleri dogrusynda aladalanmalar artdypdy.

Bu aralykda, Russiýa hem öz gezeginde, on müňlerçe esgerini özüniň günbatar serhetlerine ýerleşdirdi.

XS
SM
MD
LG