Sepleriň elýeterliligi

Etiň bahasyna gözegçilik söwdany 'ýaramazlaşdyrdy'


"Gözegçilik sebäpli, alyjylaram-satyjylaram ejir baryny çekýärler".

"Gözegçilik sebäpli, alyjylaram-satyjylaram ejir baryny çekýärler".

Häkimlikleriň çäklendirmeleriniň netijesinde, Aşgabadyň bazarlaryndan et satyn almagyň kynçylyklary barha artýar.

Bazarlardaky etiň nyrhyny durnukly derejede saklamak üçin, satyjylara kesgitlenen baha görkezilýändigi aýdylýar. Ýagny görnüşine seretmezden, sygyr, goýun etlerini 17 manat 80 teňňeden satmaklyga häkimiýetler buýruk berýärler.

“Et döwletiňki däl, biz ony mal satyn alyp semredip, ýa bolmasa, etraplara gidip, lomaý bahadan mal satyn alyp getirip, özümiz öldürip, soňra bazara çykarýarys. Häkimiýetleriň görkezmesi esasynda kesgitlenen bahadan et satmaga mejbur edilmegimiz bolsa, bizi zelele goýýar” diýip, Aşgabadyň “Teke bazarynda” et satýan satyjy aýdýar.

8-nji Mart baýramynyň gelmegi bilen eýýäm birnäçe gün öňünden bazarlaryň et satylýan dükanlarynda, raýat eşigini geýnen polissiýa işgärleri etiň bahasyna gözegçilik edip başladylar.

Aşgabatly pensioner 70 ýaşly Ogulnur daýzanyň aýtmagyna görä, bu gözegçilik sebäpli, alyjylaram-satyjylaram ejir baryny çekýärler.

“Ozal bazara baranymda, göwnüme ýaraýan ýerinden eti çapdyryp alýardym. Satyjylara islän ýeriňden eti çapdyryp alanyňda, onuň kilosy 20-25 manat aralygynda bolýar, eger 17 manat 80 teňňeden satanlarynda özleriniň zelele galýandygyny açyk aýdýardylar. Elbetde, etiň bahasynyň 17 manat 80 teňňeden ýazylyp goýulmagynyň gözboýagçylykdygyna düşünýänligim üçin, diýlen bahadan puluny töläp gaýdýardym.

Emma 8-nji Mart baýramynyň öň ýany we baýramçylyk günleri Aşgabadyň Teke bazaryna et satyn almaga baranymda, ozalky arkalaşyklygym tapdyrmady.

4 kilo diýip çekdiren etimiň üstüne satyjy 1 kilogram sygryň iç ýagyny goýdy. Men bagyr agyrsyndan ejir çekýänligim sebäpli, mal ýaglaryndan daşrak durmaly bolýandygymy aýdyp, satyjydan ýagy aýyrmagyny soradym.

Satyjy ýagy beýläk goýdy-da, üstünden 2-3 gün geçen, etiň reňki üýtgäp giden gapyrgalardan terezä goýup başlady. Men beýle köne ete pul bermejegimi aýdanymda bolsa, “Onda size et berip bilemok” diýip, satyjy eti alyp, beýläk oklady.

Meniň bahasyny ýokarrak alaý, ýöne diýen ýerimden çekip beräý diýip ýalbaranyma satyjy gulak gabartmady. “Bolanok, daýza, bahany üýtgedip bilemok, şeýdip çekip bermesem bolsa zelele galýaryn” diýip, arkan-ýüzin gaýyşdy.

Men ikinji , üçünji satyjylaryň ýanyna baranymda hem şeýle ýagdaý ýüze çykdy. Satyjylaryň birisi bolsa, ýuwaşlyk bilen et dükanynyň içinde elini arkasyna tutup duran hyýrsyz adama gözüni ümledi. Men, elbetde, ýagdaýa düşündim-de, et almagymy goýbolsun edip dükandan çykdym.

Gapa golaýlanymda, ýaňky duran gözegçä kakdyryp, ‘baha gözegçilik edilýär, ilatyň islän ýerinden et satyn alyp bilmän, yzyna boş dolanýandygyna gözegçilik ýokmukan?’ diýdim.

Emma ýagdaýy görüp duran bolsa-da, gözegçilik çekip duran adamdan jogap bolmady” diýip, Ogulnur daýza özüniň baýramçylyk keýpiniň bozulandygyny, täzeje etden baýramçylyk naharyny taýýarlamak islän bolsa-da, iki kilo doňdurylan towuk budy bilen oňňut etmeli bolandygyny hem sözüne goşdy.

Aşgabadyň bazarlarynda goýun eti, sygyr eti diýlip, 17 manat 80 teňňeden etleriň bahasy ýazylyp goýulýar. Emma düýe eti diýen ýazga gözüň düşmeýändigi hem aýdylýar.

“Özüň tanap bilmeýän bolsaň, sygyr eti diýip alanyň, soňra düýe eti bolup çykýan halatlary kän bolýar. Haçan-da satyjylardan “nämäniň eti?” diýip sorasaň, “sygyr eti “ diýip jogap berýärler. Emma alan etiňi bişiren halatyňda onuň düýe etidigini bilip galýarsyň. Häkimiýetler bazarlarda etiň görnüşleriniň adynyň dogry ýazylyp goýulmagyna, ilata edilýän hyzmatlaryň hiline gözegçiligi güýçlendirseler oňat bolardy” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Satyjylardan kesgitli bahanyň talap edilmegi, bu diňe alyja-da, satyja-da zelel getirýär. Bazardaky nyrhy döwlet däl-de bazar kesgitlemeli. Döwlete degişli mallaryň eti bar bolsa, ony kesgitli bahadan döwlet dükanlarynda goýmaly” diýip, häkimiýetleriň gözboýagçylygyndan ýadan ildeşlerimiz nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG