Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan baý-garyplykda 189 ýurduň arasynda 73-nji orny aldy


Sowet döwründen bäri ulanylaýan köne awtobus.

Sowet döwründen bäri ulanylaýan köne awtobus.

«Global Finance» neşiriniň maglumatyna görä, dünýäniň 189 ýurdunyň arasynda baýlyk we garyplyk boýunça geçirilen barlaglarda Gyrgyzystan 148-nji, Türkmenistan bolsa 73-nji orny alypdyr.

Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary - Gazagystan bu görkezijide 54-nji, Özbegistan 127-nji, Täjigistan bolsa 153-nji orunlary alypdyr.

Dünýäniň iň baý ýurtlarynyň arasynda Katar, Lýuksemburg, Makao, Singapur, Bruneý, Küweýt, Irlandiýa, Norwegiýa, Birleşen Arap Emirlikleri we San Marino ýaly ýurtlar agzalýar.

Türkmenistan gaz gory boýunça dünýäde dördünji orunda durýan ýurt hasaplanýar we garaşsyzlygyň başky ýyllarynda onuň ikinji Kuweýt bolmak mümkinçiligi barada gürrüň edilýärdi. Emma indi bu ýurduň pensionerleriniň sebitde iň az pensiýa puluny alýandygy aýdylýar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary ýurtdaky işsizlik zerarla pensiýasyny özüne siňdirip bilýän adamyň azdygyny aýdýarlar.

Ikinji tarapdan, soňky ýyllar Türkmenistandan Türkiýä iş gözläp gidýänleriň görnetin köpelendigi, daşary ýurtlara okuwa giden ýaşlaryň arasynda hem yzyna gelmejek bolýanlaryň sanynyň artýandygy barada resmi taýdan tassyklap ýa inkär etdirip bolmaýan habarlar çykýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy, häzir Şwesiýada ýaşaýan Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, ýurduň ilatynyň jan başynadüşýän önümiň derejesi diňe ýurtdaky hökümetiň işleýşine, şeýle-de dowam edýän syýasy sistema bagly.

Ol bu pikirini Şwesiýanyň mysalynda, nebit-gazyň ýok ýerindäki ilatyňbaýlyk derejesi bilen delillendirdi.

«Sebäbi bärde ýurtdolanyşygy hakykatdanam halkyň elinde, şu sebäpdenem halk gowy gazanç edýär, adam başyna öndürilýän içerki önümiň möçberi hem ýokary, netijede halkam, ýurdam baý» diýip, Orazow Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Onuň pikirine görä, Türkmenistanda bu ýagdaý tersine, ýagny hökümetiň etmeli işini hiç kim etmeýär we milli hökümet düýpden ýok ýaly bolup görünýär.

«Milli hökümet bar ýerinde dogry hasap-hesip edilýär we ýagdaýy gowulaşdyrmagyň ýoly gözlenilýär» diýip, Orazow aýdýar.Şol bir wagtda ol Türkmenistanda ilatyň garyplykda ýaşamagy üçin hiç bir esas görmeýär, ýurduň hemmetaraplaýyn baýdygyny, halkyň bolsa işeňňirdigini aýdýar.

Ozalky bankiriň ynanjyna görä, Türkmenistanda soňky 25 ýylda dörän agyr ýagdaýdan çykmak üçin ýolbaşçylaryň islegi, öz halkyny söýmegi we oňa gulluk etjek bolmagy gerek. «Türkmenistanyň halkynyň Şwesiýanyň halkyndan hem gowy ýaşamaga mümkinçiligi bar» diýip, Orazow aýtdy.

Täze çap edilen görkezijide dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň arasynda Merkezi Afrika respublikasy, Kongo Demokratik respublikasy, Burundi, Liberia, Niger, Malawi, Mozambik, Eritrea, Madagaskar we Komoros agzalýar.

Ýurtlara berlen baýlyk we garyplyk derejesi Bütindünýä bankynyň we Halkara pul fondunyň hasabatlary esasynda taýýarlanypdyr we barlaglarda ýurtlaryň ilatynyň jan başyna düşýän içerki önümiň möçberinden ugur alynýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG