Sepleriň elýeterliligi

Günorta Koreýanyň prezidenti korrupsiýa skandaly sebäpli wezipesinden boşadyldy


Günorta Koreýanyň prezidenti Park Geun-Hye. 9-njy mart, 2017 ý.

Günorta Koreýanyň prezidenti Park Geun-Hye. 9-njy mart, 2017 ý.

Günorta Koreýanyň Konstitusion sudy ýurtda başagaýlygyň döremegine sebäp bolan korrupsiýa skandalynda aýyplanýan prezident Park Geun-hýeni resmi taýdan wezipesinden aýyrdy.

10-njy martda suduň biragyzdan kabul eden karary netijesinde Park jenaýatçylyk derňewleri bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.

Bu hereket, diktatoryň gyzy we demokratik ýollar bilen saýlanan 65 ýaşyndaky lideriň Günorta Koreýada wagtyndan öň wezipesinden aýrylandygyny aňladýar.

Indi Günorta Koreýa Parkyň deregine täze prezident saýlamak üçin iki aýyň dowamynda saýlawlary geçirmeli. 2012-nji ýyldaky prezident saýlawynda Parkdan ýeňlen liberal syýasatçy Moon Jae-in jemgyýetçilik pikir soralşyklarda öňe saýlanýar.

Parkyň häkimiýetden aýrylmagy ýüz müňlerçe adamyň birnäçe hepde geçiren protestleriniň yz ýanyna gabat geldi.

Ol skandal sebäpli ençeme gezek ötünç sorap, özüniň haýsydyr bir jenaýat işini edendigi baradaky aýyplamalary ret etdi.

XS
SM
MD
LG