Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nepal: Awtobus heläkçiliginde azyndan 25 adam öldi


Nepalda bolan ýol heläkçilikleriniň biri
Nepalda bolan ýol heläkçilikleriniň biri

10-njy martda Nepalda ýolagçy awtobusunyň daglyk ýoldan çykyp, derýanyň içine gaçmagy netijesinde azyndan 25 adam öldi we başga-da onlarçasy ýaralandy.

Nepalyň paýtagty Katmandunyň 250 kilometr günbatarynda ýerleşýän Jajarkot etrabynyň polisiýasynyň aýtmagyna görä, sürüji 200 metr çemesi aşakdaky derýanyň içine gaçan awtobusyň kontrolyny ýitiripdir.

Wakada pida bolan adamlaryň dört sanysy etrap keselhanasynda saglyk bejergisini alýar we galanlary howa ýollary arkaly golaýdaky şäherçelere getirildi diýip, “dpa” habar agentligi etrap polisiýasynyň inspektory Suman Harele salgylanyp habar berdi.

Nepalda ýollara we ulaglara edilýän idegiň ýaramazlygy sebäpli şuňa meňzeş ýowuz ýol hadysalary ýygy-ýygydan amala aşýar.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Nepalyň merkezindäki daglyk ýolda awtobusyň heläkçilige uçramagy netijesinde 18 adam ölüpdi.

XS
SM
MD
LG