Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Eýranyň Siriýada bolmagy parahatçylygy bökdeýär diýýär


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. 9-njy mart, 2017 ý.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. 9-njy mart, 2017 ý.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine Eýran Siriýada öz goşunyny we maslahatçylaryny saklamagy dowam etdirse, ol ýerde hiç haçan parahatçylyk bolmaz diýdi.

“Biz Eýran meselesini, onuň Siriýadaky maksadyny we niýetini jikme-jik maslahat etdik. Men Eýran Siriýada boldugyça we Ysraýyly ýok etmek niýetini beýan etdigiçe, ol ýerde parahatçylygyň bolup bilmejekdigini aýtdym” diýip, Netanýahu 9-njy martda Moskwada Putin bilen geçiren duşuşygyndan soň, onuň edarasy tarapyndan ýaýradylan wideo ýazgysynda mälim etdi.

Netanýahunyň edarasy gürrüňi edilýän wideo ýazgyny we beýanaty, Moskwada iki lideriň duşuşygy döwründe Putiniň Ysraýylyň aladalanmalaryny “köneleşen” mesele diýip, ret edendigi barada çykan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“Biz häzir başga dünýäde ýaşaýarys. Biz häzirki döwür barada gürleşeli” diýip, Putiniň Netanýaha aýdandygy habar berilýär.

Eýran diňe Ysraýylyň Ýakyn Gündogardaky iň esasy duşmany däl, şeýle-de ol Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň aglabasy sünni pitneçilerine garşy dowam edýän alty ýyllyk raýat urşundaky wepaly ýaranydyr.

XS
SM
MD
LG