Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew konstitusion üýtgetmeler hakyndaky kanuna gol goýdy


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew prezidentiň käbir ygtyýarlyklaryny hökümetiň ministrlerine we kanunçykaryjylara geçirýän konstitusion üýtgetmelere gol goýdy.

Nazarbaýewiň edarasynyň aýtmagyna görä, gazak prezidenti kanuna üýtgetmeleri girizmek baradaky resminama 10-njy martda gol çekdi.

76 ýaşyndaky Nazarbaýew bu konstitusion üýtgetmeleri 26-njy ýanwarda teklip edipdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu üýtgetmeleriň netijesinde ykdysady we sosial meseleleri dolandyrmak üçin ýurduň hökümet ministrlerine has köp ygtyýarlyklar we jogapkärçilikler berler. Şol bir wagtda, bu üýtgetmeler kanunçykaryjylary ýurduň kabinetine ynam sesini bermäge ygtyýarlandyrmak arkaly, parlamentiň hökümete gözegçiligini artdyrýar.

Nazarbaýew prezidentiň rolunyň “ýokary arbitr” derejesinde boljakdygyny aýtdy.

Bu konstitusion üýtgetmeler berk kontrollykda saklanylýan, 18 million ilatly ýurtda Nazarbaýewiň häkimiýeti çalyşmaga taýýarlyk görýändigi baradaky myş-myşlaryň döremegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG