Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanlylar prezidentiň ejesine 'baş egýärler'


Prezident Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat eje (sagda)

Türkmenistanda birden, 8-nji mart baýramçylygyna gabat, «gahrymany dünýä beren ene siz» diýip, golaýda üçünji möhlete saýlanan prezidentiň ejesiniňkultunyň güýçlendirilip başlanandygy aýdylýar.

Prezident Berdimuhamedow prezident saýlawlarynyň öňünden Ahalda işçiler bilen duşuşanda, Halkara aýallar gününde ýurduň gelin-gyzlaryna täze döreden aýdymlaryny sowgat etjekdigini öňünden habar beripdi.

Munuň üstesine,ýurduň aýdym-saz muşdaklary bahar baýramynda «Arkadagy dünýä beren ene» hakyndaky aýdymy hem sowgat alana meňzeýär.

Mundan öň türkmen metbugatynda prezident Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň, kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň atlarynyň ebedileşdirilişi, ol ýa beýleki ýerlere dakylyşy, heýkelleriniň açylyşy barada habarlar çykypdy.

Şeýle-de prezidentiň ogly Serdaryň wezipe basgançaklarynda ösdürilýändigi, parlamente deputat saýlanandygy barada habarlar çykypdy.

Berdimuhamedow prezident saýlawlary mahalynda, birnäçe gezek ejesi we gyzlary bilen görnen bolsa-da, maşgala agzalarynyň arasynda esasan agtygy Kerimguly bilen ile çykmagy gowy görýär diýip bilinýär.

Şeýle-de onuň kakasyna bagyşlap, «Elem içre at gezer» diýip, ýörite bir kitap ýazmagy Mälikguly aga sylagynyň uludygyny aňladýar.

Emma muňa garamazdan, 2015-nji ýylyň martynda, ejesiniň näsaglandygy üçin, prezident Berdimuhamedow Türkiýedäki iş saparyny gysgaldyp, türk lideri Rejep Taýyp Erdogan bilen planlaşdyrylan duşuşygyny goýbolsun edip, gyssagly Aşgabada dolandy.

Bu habar türk we türkmen habar serişdelerinde ile ýetirildi. Şonuň bilen bir wagtda prezidentiň ejesi Ogulabat enäniň ady döwlet eýeçiligindäki mediada, Mälikguly aganyň adynyň agzalyşy bilen deňeşdirilende, juda az eşidilýär.

Döwlet baştutanynyň aýalynyň ady bolsa, asla eşidilmeýär we ol saýlaw mahalynda hem görünmän oňýar.

Ikinji tarapdan, Berdimuhamedowyň prezidentlik eden başky iki möhletiniň dowamynda öňki prezident S.Nyýazowyň şäher merkezindäki esasy heýkeli, şeýle-de onuň ejesi Gurbansoltan ejäniň 8-nji mart baýramçylygynda eteginde köpçülikleýin gül goýlan heýkeli başga ýere göçürildi.

Mundan başga, öňki prezidentiň we onuň ejesiniň atlary, Nyýazowyň kalendar syýasatynyň ýatyrylmagy bilen, aý adyndan aýryldy. Olaryň atlarynyň başga-da käbir ýerlerden aýrylandygy aýdylýar, şol bir wagtda entek öňki prezidentiň özüniň we maşgala agzalarynyň atlarynyň dakylan ýerleriniň köpüsiniň mizemän durandygy aýdylýar.

Türkiýede ýaşan türkmen migranty Rozybaýyň pikirine görä, ilki halk Berdimuhamedowdan biraz reforma garaşdy, emma olmediada atasyny, kakasyny, indi bolsa ejesini wagyz etdirip, öňki prezidentiň döreden maşgala kultundan uzaga gidip bilmejekdigini görkezdi. Şeýle-de migrant işçi halkyň bu çäreleri mejbury, alaçsyz we gorkudan goldaýandygyny aýdýar.

Rozybaý Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde özüniň Türkmenistanda bir maşgalanyň kultunyň döredilmegine gynanýandygyny, çözülmeýän işsizlik meselesiniň bolsa barha kän aýaly daşary ýurtlardan iş gözlemäge mejbur edýändigini, boş wagyzlara derek şu meselä baş galdyrylsa gowy bolardy diýip oýlanýandygyny aýtdy.

Ýerli synçylaryň käbiri ilkinji prezident S.Nyýazowyň ejesi Gurbansoltan ejäniň adynyň ýuwaş-ýuwaş gyra süýşürilip, bu ýerde dörän boşlugyň Ogulabat ejäniň kultuny ýokarlandyrmak bilen dolduryljagyny çaklaýar.

«Arkadagy dünýä beren ene sen» diýip aýdym aýdyp başlamaklary, belki-de,Gurbansoltan ejäniň çykarylan şöhrat tekejine Ogulabat ejäniň çykaryljagyndan habar berýär» diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran 50 ýaşly aşgabatly mugallym Azatlyk radiosyna aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG