Sepleriň elýeterliligi

Moskwada Erdogan bilen Putin gepleşik geçirýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan. 10-njy mart, 2016 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan. 10-njy mart, 2016 ý.

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan Siriýadaky we Yrakdaky konflikti öz içine alýan meseleler, şeýle-de ykdysady we energetika gatnaşyklary hem-de terrorizme garşy göreş tagallalary barada maslahat etmek üçin, 10-njy martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşýar.

Erdoganyň Moskwa edýän bu sapary Türkiýäniň NATO ýaranlary we Ýewropa Bileleşigi bilen dartgynlygyň emele gelen wagtyna gabat geldi.

Erdogan Germaniýanyň birnäçe şäherinde türk hökümetiniň ministrleri tarapyndan planlaşdyrylan ýörişler goýbolsun edilensoň, Berlini “nasistleriň” tejribesini amala aşyrmakda aýyplady. Erdoganyň bu sözlerinden soň, Germaniýanyň häkimiýetleri ony ýiti tankyt etdiler.

Bu ýörişlerde Erdogana has köp ygtyýar berjek türk referendumy üçin, Ýewropadaky türk ses berijilerinden goldaw ýygnamak maksat edinilýärdi. Bu referendumy Günbatar ýurtlarynyň aglabasy tankyt edip, onuň prezidentiň elinde has köp ygtyýarlygy pugtalandyrjakdygyny aýdýarlar.

9-njy martda Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow žurnalistlere beren maglumatynda, Erdogan bilen gepleşikleriň “boldugyndan giň gerimli” geçiriljekdigini aýtdy.

“Bu käbir krizis pursatlaryndan soň, gatnaşyklarymyzyň has kadalaşmak prosesidir” diýip, Peskow aýtdy.

Asyrlardan bäri regional bäsdeş Russiýanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar soňky iki ýylyň dowamynda ýiti derejede ýokar galdy we pese gaçdy.

Türkiýe we Russiýa Siriýa urşunda gapma-garşy taraplary goldaýarlar. 2015-nji ýylyň noýabr aýynda, Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýynda türk harbylary Russiýanyň uruş uçaryny urup ýykmagy netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ýiti dartgynlaşdyr.

Bu waka Russiýa Siriýada prezident Başar al-Assadyň hökümetiniň garşydaşlaryna garşy howa zarbalary kampaniýasyna başlandan birnäçe hepde soň boldy.

Häzir Russiýa we Türkiýe Siriýadaky urşuň soňuna ýetmek barada Gazagystanda geçirilýän gepleşikleriň ençemesini goldaýarlar.

Kremliň aýtmagyna görä, Putin we Erdogan Türkiýedäki “Akkuyu” ýadrostansiýasy we gurulmagy planlaşdyrylýan “Türk akymy” gaz geçirijisi ýaly iki energiýa taslamasyny amala aşyrmagyň ýollary barada-da maslahat ederler.

Analitikleriň köpüsi Erdoganyň 10-njy martda Moskwa edýän saparyny, Türkiýäniň Günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklary gowşan mahaly, Kreml bilen gatnaşyklaryny güýçlendirmegi üçin bir mümkinçilik hökmünde garaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG