Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Bikanun medreselerde çagalara näme öwredilýär?


Gyrgyzystandaky metjitleriň biri

Gyrgyzystandaky metjitleriň biri

Gyrgyzystanda bikanun hereket edýän medreseleriň anyk sany belli däl. Ýurtda ýörite döredilen derňew topary golaýda paýtagt Bişkegiň bir etrabynda bikanun hereket edýän bäş medresäniň bardygyny anyklap, olary din işleri baradaky döwlet guramasyna bildiripdir.

Paýtagt Bişkekde "Nastoýaşaýa wremýa" toparynyň bikanun hereket edýän bir medresäniň içine goýberilmegine ilki bada rugsat berilmeýär. Ýöne soň olara bu ýere girmek başardýar. Ol ýerdäki adamlar žurnalistlere haýsam bolsa bir resminama görkezmändir we interwýu bermekdenem saklanypdyrlar. Ummasyz köp çaga namaz wagty ol bikanun medresäniň metjidinde jemlenip, namazdan soň derrew öýli-öýüne dargap gidipdir.

Bikanun medresäniň içinde çygly howa bar we arassaçylyk babatda hem hiç hili çäre görülmändir. Ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalar bu ýerde esasan Gurhany we arap dilini öwrenýärler. Medrese aslynda bir metjit we diňe bir metjit bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde dini okuw jaýy. Tördäki otagda ýörite ýatylýan ýerler bar we ol taýda kimleriň ýatyp-turýany belli däl.

Ekstremizme ymtylyşyň barha ýokarlanmagy bilen soňky wagtlarda Gyrgyzystanda din öwredilýän her bir ýer aýratyn üns merkezinde saklanýar. Müftilik bireýýäm bikanun bolan medreseleriň ýapyljakdygyny duýdurdy. Ýöne paýtagt Bişkegiň etegindäki dini tälim berýän ýerler henizem öz işine dowam edýär.

"Biz dekabr aýynda derňewleri geçirip tamamladyk. 70-den gowrak din öwredilýän ýerleri barlagdan geçirdik. Olaryň arasynda düýbünden kada-kanunlara gabat gelmeýän ýerler bar we biz olar barasynda ýörite resminamalar taýýarladyk" diýip, Gyrgyzystan respublikasynyň din baradaky döwlet geňeşiniň kömekçi başlygy Zakir Çotaýew aýdýar.

Kanuny bozýanlaryň resmileriň duýduryşlaryna gulak asman halatynda, häkimiýetler bikanun medreseleri kazyýete tabşyrjakdygyny aýdyp haýbat atýar. Perwaýsyzlara salynýan temmilere din işleri baradaky döwlet geňeşiniň golaýda "Murtazaali" medresesine beren berk duýduryşyny mysal görkezýärler. Ol ýer şäheriň edil ortarasynda, ýarym ýyldan köp wagtlap hiç hili resminamasyz dini işler alyp barypdyr.

Ymamyň kömekçisi Yslamyň aýdan sözlerine görä, medresäniň ähli resminamalary taýýarlanýar we gysga wagtyň içinde doly taýýar bolar. Häzir bolsa medresäniň işgärleri arassaçylyk şertlerini gowulandyrmak üçin, iş alyp barýarlar. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen goşmaça täret ýerleri döredilýär we medresäniň jaýlary giňeldilýär. Yslamyň bellemegine görä, häzir bikanun medresede sapak bermek doly goýbolsun edilendir. Ýöne ol žurnalistlere sapak geçilýän we ýatylýan jaýlaryň boşdugyny görkezmekden boýun towlapdyr.

Medresäniň terbiýeçisi Akylbek Dostmatowyň nygtamagyna görä, dini sapaklaryň okadylýan ýerleriniň Gyrgyzystanda resmi hasaba alynmagy kyn ýagdaý däl. Ona golaý dürli resminamanyň jemlenip tabşyrylmagy bilen bu iş tamam bolýar.

"Bular dürli maşgalalaryň çagalary we olary bize ynanýarlar. Şol sebäpdenem olar üçin bu ýerde amatly şertler döredilmeli, ýagny gyzgyn nahar, ýylyjak jaý we beýleki şertler döredilmeli" diýip, Dostmatow belleýär.

Gyrgyzystanda dini öwredýän ýerler her ýyl hasam ýaýbaňlanýar we halk hem olara ürç edýär. Ene-atalar çagalaryny uly höwes bilen medreselere tabşyrýarlar. Abdulla ibn Masud adyndaky medresede häzir üç ýüzden gowrak çaga dini bilim alýar. Medresäniň her otagynda on-ondan iki mertebeli ýatylýan sekiler bar we şu wagt ol ýerde hiç hili boş orun ýok.

"Bu ýerde diplom ýaly hormat haty berilýär. Elbetde, bu döwlet okuw jaýlaryndaky ýaly resmi ylmy diplom däl. Ýöne ony müftilik resminama höküminde ykrar edýär. Medresäniň döwletden resmi rugsady bar. Biz bu ýerde sapaklary tamamlap, geljekde özümize iş tapyp bileris" diýip, medresäniň okuwçysy Ubaýdullaýew Baýaman gürrüň berýär.

Musulman dinini öwredýän okuw jaýlarynyň giň gerimli bolanlary hut bu etrapda ýerleşýär. Olaryň arasynda ýörite zenanlar üçin niýetlenen dini okuw jaýlary hem bar we olara aralaşmak, ýagny onda-da žurnalist bolup wideo kamera bilen ullakan problema bolup durýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG