Sepleriň elýeterliligi

Hollandiýa türk ministriniň uçaryny gondurmady, Erdogan haýbat atýar


 Mewlut Çawusoglu, Berlin, 8-nji mart, 2017

Mewlut Çawusoglu, Berlin, 8-nji mart, 2017

Türkiýäniň daşary ýurtlardaky referendum kampaniýasy bilen baglylykda, Hollandiýanyň 11-nji martda türk daşary işler ministriniň uçarynyň ýurtda gonmagyna rugsat bermezligi netijesinde, NATO ýaranlary bolan Türkiýe bilen Hollandiýanyň arasyndaky diplomatik gapma-garşylyk ýitileşdi.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan muňa bada-bat, Hollandiýanyň diplomatlaryna hem şeýle çemeleşiljekdigini aýdyp jogap berdi:

«Men bu ýerden Hollandiýa nota berýärin, sen biziň daşary işler ministrimiziň uçaryny näçe gadagan etseň, şonça gadagan et. Indi göreli bakaly, seniň uçarlaryň Türkiýä nähili gelerkä? Men bu ýerde diplomatlaryň gürrüňini edýärin, raýatlaryň däl. Ol aýry mesele» diýip, Erdogan aýtdy.

Türk prezidenti soňky hepdelerde ikinji sapar «nasist» sözüni ulandy. Ýöne ol bu gezek «nasist» sözüni hollandlary nazarda tutup aýtdy.

Mundan öň ol NATO-nyň başga bir ýarany Germaniýany, Türkiýäniň referendum ýygnanyşyklaryna rugsat bermändigi üçin, «nasistik usullary» ulanmakda aýyplapdy.

Holland hökümeti 11-nji martda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglunyň uçarynyň holland topragynda gonmagyna rugsat bermezligini «jemgyýetçilik howpsuzlygyna wehim abanmazlygy üçin» görlen çäre hökmünde häsiýetlendirdi.

Çawusoglu prezident Rejep Taýyp Erdoganyň prezidentlik ygtyýarlyklaryny giňeltmek baradaky türk referendumyny wagyz etmek üçin Rotterdamda türk diasporasy bilen ýygnanyşyk geçirmek isleýärdi.

Rotterdam häkimiýetleri bu ýerde onuň gatnaşmagynda türk ýygnanyşygynyň geçirilmegini eýýäm gadagan edipdiler.

Şäher häkimi Ahmed Aboutaleb beýle ýygnanyşygyň "jemgytçilik düzgünine wehim saljakdygyny" aýtdy.

2009-njy ýyldan bäri Rotterdamyň häkimi bolup işleýän Aboutaleb asly morokkaly emigrant we musulman.

Türkiýäniň prezident Rejep Taýyp Erdoganyň indiki aýda, 16-njy aprelde geçiriljek referendumda ygtyýarlyklaryny giňeltmek goldawyny almagy üçin Ýewropada görýän çäreleri esasynda dörän ynjalyksyzlyk esasynda, Awstiriýada planlaşdyrylan türk syýasy ýygnanyşyklarynyň dördüsi, Şweýsariýada planlaşdyrylan bir ýygananyşyk goýbolsun edildi.

Germaniýada görlen şu hili çäre türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Berlini "Nasistik praktikalary" ulanmakda aýyplamagyna getiripdi we bu söz german liderleriniň, şol sanda kansler Angela Merkeliň berk gaýtawulyna sezewar boldy, olar bu deňeşdirmäniň düýpden «kabul ederlik däldigini» aýtdylar.

ÝB agzalarynyň geçen iýulda bolan başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň Türkiýede opponentleriň köpçülikleýin basylyp ýatyrylmagy babatda eden tankydyna Erdoganyň aşa gaharynyň gelmegi netijesinde, Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar soňky aýlarda mazaly ýaramazlaşdy.

Şweýsar polisiýasy 10-njy martda türk syýasatçysynyň söz sözlemegine rugsat bermezlik baradaky kararynda «düýpli howpsuzlyk töwekgelligne» salgylandy.

Daşary işler ministri Çawusoglu 12-nji martda hem çykyş etmegi planlaşdyrýar, ýogsa Zýurihiň golaýyndaky bir myhmanhana howpsuzlyk aladalary üçin yza çekildi,Winterthur şäheri bolsa bu çäreden «ýerliksiz» diýip ýüz öwürdi.

Awstriýanyň Hoerbranz şäheri bolsa ozalky türk ministri bilen duşuşygy ýatyrdy, sebäbi ol galplyk bilen, kitap tanyşdyrmasy diýlip atlandyryldy.

Linz, Herzogenburg we Wiýener Neustadt şäherlerinde planlaşdyrylan ýygnanyşyklaryň hem öňi alyndy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG