Sepleriň elýeterliligi

BMG-nyň ilçisi «Talybany» parahatçylykly gepleşiklere goşulmaga çagyrýar


BMG-nyň Owganystandaky ilçisi Tadamiçi Ýamamoto

BMG-nyň Owganystandaky ilçisi Tadamiçi Ýamamoto

BMG-nyň Owganystandaky ilçisi bu ýurduň problemalarynyň harby manyda çözülip bilmejekdigini aýtdy we «talyban» jeňçilerini parahatçylykly gepleşiklere girmäge çagyrdy.

Baş sekretaryň Owganystandaky ýörite wekili Tadamiçi Ýamamotonyň 10-njy martda aýdan sözleri «talyban» jeňçileriniň ýurduň käbir böleklerinde täze ýerleri ele geçirmeginiň, Kabuldaky gowuşgynsyz merkezi hökümete wehim salmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň komandirleri bu söweş bilen bagly owgan güýçlerine barha kän kömek ýollady. ABŞ-nyň Merkezi komandasynyň baştutany, general Josef Wotel 9-njy martda Senatyň Ýaragly güýçler komitetine has kän amerikan esgerini soramagyň pikirini edýändigini aýtdy.

Ýamamato Howpsuzlyk geňeşiniň brifiňinde çykyş edip, "dahylly aktýorlaryň» ählisi zorlugy togtatmagyň tagallasyny etmeli diýdi. Ol howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň ykdysady progresi gowşadýandygyny we sosial bulaşyklyga sebäp bolýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG