Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German polisiýasy Essendäki söwda merkezini açmazlygy buýurdy


Germania, polisiýa ofiseri
Germania, polisiýa ofiseri

German polisiýasy, mümkin bolan hüjümiň anyk görkezijileri barada maglumat alanyndan soň, günbatar şäher Essendäki söwda merkezini 11-nji martda açmazlygy buýurdy.

Söwda merkeziniň töweregine ýüz çemesi polisiýa ofiseri ýerleşdirildi we olar ýanaşyk maşyn goýulýan ýeri, binanyň içini barladylar.

"Polisiýa hökmünde, biz bu ýerde howpsuzlyk häkimiýeti bolup durýarys we söwda merkezini ýapmak kararyna geldik" diýip, polisiýanyň sözçüsi Kristof Wikhorst aýtdy.

Wikhorst bu maglumatyň özlerine 10-njy mart güni giçlik, beýleki howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ýetirilendigini aýtdy. Ol, derňewiň dowam edýändigi üçin,goşmaça maglumat bermekden boýun gaçyrdy.

Esseniň merkezindäki Limbecker Platz skwerinde ýerleşýän söwda merkezi tutuş gün ýapyk galar. Bu Germaniýanyň iň uly söwda merkezleriniň biri bolup, onda 200-den gowrak dükan ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG