Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ahal-teke atlarynyň katalogy dörediler


Çehiýada ýetişdirilýän ahal-teke atlary
Çehiýada ýetişdirilýän ahal-teke atlary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna geçiren hökümet maslahatynda arassa ganly ahal-teke atlarynyň katalogyny döretmegi tabşyrdy.

Bu kataloga atlaryň gazanan üstünlikleri, gelip çykyşy we beýleki maglumatlary giriziler.

Prezidentiň sözlerine görä, bu katalog degişli halkara guramalarynda hasaba aldyrylar we ol halkara derejesinde ykrar ediler.

Şondan soň oňa hökmany ýagdaýda salgylanmaly bolar diýip, türkmen prezidenti pikir edýär.

Görnükli türkmen atşynasy, türkmen häkimiýetleriniň ýanamalary zerarly daşary ýurtda ýaşaýan Geldi Kärizow Türkmenistanda ahal-teke atlarynyň tohumynyň beýleki atlaryň tohumy bilen garyşdyrylýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG