Sepleriň elýeterliligi

Astana Siriýa boýunça parahatçylykly gepleşikleriň üçünji tapgyryna taýýarlanýar


Siriýa boýunça parahatçylykly gepleşikleriň ikinji tapgyryna gatnaşan Orsýetiň resmi topary, Astana, 16-njy fewral, 2017.

Siriýa boýunça parahatçylykly gepleşikleriň ikinji tapgyryna gatnaşan Orsýetiň resmi topary, Astana, 16-njy fewral, 2017.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi siriýaly gozgalaňçylaryň Siriýa boýunça parahatçylykly gepleşikleri yza tesdirmek islegine garamazdan, duşuşygyň Astanada geçiriljek üçünji tapgyryna taýýarlyk görýändigini mälim etdi.

“Bize hiç hili bildiriş gowuşmady” diýip, ministrligiň metbugat-wekili 11-nji martda aýtdy we gepleşikler üçin öňünden kesgitlenen 14-15-nji mart günlerini yglan etmäge taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

Gepleşiklere Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýan Orsýetiň we Eýranyň wekilleriniň, şeýle-de käbir sünni arap gozgalaňçylaryny goldaýan Türkiýäniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

11-nji martda Siriýanyň gozgalaňçy toparlary gepleşikleri ýatyrmaga çagyryş etdiler.

Olar gepleşikleriň geljeginiň Assadyň hökümetiniň 7-nji we 20-nji mart aralygynda ok atyşygy bes etmek barada ýakynda gelnen we Orsýet hem Türkiýe tarapyndan goldanan ylalaşygy berjaý edişine bagly bolmalydygyny aýdýarlar.

Gepleşikleriň ozalky iki tapgyrynda uly öňegidişlik bolmady.

XS
SM
MD
LG