Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň prezidenti Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmak üçin Moskwa barýar


Moldowanyň prezidenti Igor Dodon
Moldowanyň prezidenti Igor Dodon

Moldowanyň prezidenti Igor Dodon 16-18-nji martda Orsýete sapar edip, prezident Wladimir Putin bilen geçirjek gepleşiklerinde öz ýurdunyň Moskwa bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesine seretjekdigini aýtdy.

Dodon Ýewropa tarapdar koalision hökümetiniň syýasatyna garşy durmakçydygyny, sebäbi bu iki ýurduň gatnaşyklaryna zeper ýetirýär diýip, pikir edýändigini 11-nji martda Orsýetiň TASS agentligine aýtdy.

“Orsýetiň we Moldowanyň aragatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň iki ýurduň bähbitlerine ters gelýändigine ynanýaryn” diýip, Moldowanyň prezidenti interwýusynda aýtdy.

Dodon gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagynyň sebäplerini häkimiýet başyndaky koalision hökümetiň Ýewropa Bileleşigi bilen “ýakynlaşmak islegi” bilen bagly tagallalary bilen baglanyşdyrdy.

XS
SM
MD
LG