Sepleriň elýeterliligi

Gollandiýanyň häkimiýetleri Türkiýäniň tarapdarlarynyň demonstrasiýasyny dargadýar


Türkiýäniň konsulhanasynyň öňündäki demonstrasiýa, Rotterdam, 11-nji mart, 2017.

Gollandiýanyň köçe polisiýasy Rotterdamda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň ýüzlerçe tarapdarynyň Türkiýäniň konsulhanasynyň golaýyndaky üýşmeleňini dargatmak üçin atly çykdy.

AFP agentliginiň habarçylary 12-nji martda Gollandiýanyň polisiýasynyň ençeme sagatlap dowam eden parahatçylykly, emma şowhunly demonstrasiýany dargatmak üçin çärelere başlandygyny habar berdiler.

Günüň başynda irden emele gelen bu dartgynlylyga Gollandiýanyň häkimiýetleriniň Erdoganyň prezidentlik ygtyýarlyklaryny artdyrmak boýunça indiki aýda Türkiýede geçiriljek referenduma goldaw hökmünde geçirilýän bu çykyşlara Türkiýäniň iki hökümet agzasynyň gatnaşmagynyň öňüni almagynyň yzýany başlandy.

Ankarada premýer-ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň “iň berk ugurlardan” jogap berjekdigini 12-nji martda aýtdy.

“Bu ýagdaýa biz tarapdan iň berk görnüşde protest bildirildi we Gollandiýanyň häkimiýetlerine iň berk ugurlardan jogap beriljekdigi ýetirildi... Biz bu kabul ederliksiz herekete laýyk jogap bereris” diýip, Ýyldyrym öz beýanatynda aýtdy.

Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte Türkiýäniň iki ministriniň Gollandiýadaky çykyşlara gatnaşmagynyň öňüni almaga mejbur bolandygyny, sebäbi Ankaranyň öz hökümetine garşy sanksiýalary girizmek bilen haýbat atandygyny belledi.

“Biz şeýle şantaž esasynda hiç wagtda işleşip bilmeris” diýip, Rutte 12-nji martda aýtdy.

Gollandiýanyň resmileri Ýewropanyň uly şäherleriniň ençemesiniň edişi ýaly Türkiýäniň baş resmileriniň Ýewropadaky türk diasporalarynyň arasynda referendumy mahabatlandyrmak boýunça çere geçirmegine rugsat bermediler.

11-nji martda agşam Rotterdamyň häkimiýetleri Türkiýäniň maşgala we sosial meseleler boýunça ministri Fatma Betul Saýan Kaýanyň konsulhana baryp, türkçi demonstrantlaryň öňünde çykyş etmeginiň öňüni böwetlediler.

Rotterdam şäheriniň häkimi Germaniýadan awto ulagly gelen ministriň yzyna Germaniýa ugradylandygyny mälim etdi.

12-nji martda Türkiýä dolanyp baran Kaýa Gollandiýada özüne “erbet” çemeleşilendigini aýtdy: “Biz gödek we berk gatnaşyga sezewar edildik... Zenan ministr babatyndaky şeýle gatnaşyk örän erbetdir” diýip, Kaýa Stambulyň aeroportunda özüni garşy alan märekäniň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de 11-nji martda Gollandiýanyň häkimiýetleri Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglunyň uçarynyň gonmagyna rugsat bermediler we öz hereketini “jemgyýetçilik howpsuzlygyna wehim abanmazlygy üçin” görlen çäre hökmünde häsiýetlendirdiler.

Türkiýäniň prezidenti Erdogan ýurduň daşary işler ministriniň Gollandiýa barmagyna ýol berilmändigine gahar-gazap bildirip, golland diplomatlaryna laýyk jogap bermek haýbatyny atdy we Gollandiýany “nasistleriň galyndylary” we “faşistler” diýip häsiýetlendirdi.

Erdogan soňky hepdede Türkiýäniň NATO boýunça ýarany babatynda “nasist” sözüni ikinji gezek ulandy. 5-nji martda ol Germaniýany, Türkiýäniň referendum ýygnanyşyklaryna rugsat bermändigi üçin, "nasistik usullary" ulanmakda aýyplapdy.

Gollandiýanyň premýer-ministri Rutte Erdoganyň “paýhassyz sözländigini” 11-nji martda žurnalistlere aýtdy we onuň “çäkden geçendigini” belledi.

Rutte Türkiýäniň häkimiýetleriniň gahar-gazaba ýol berendigine düşünýändigini belledi we Gollandiýanyň hökümetiniň “Türkiýe bilen gatnaşyklary mümkin boldugyndan gowy we mümkin boldugyndan berk saklamak üçin elinden geleni etjekdigini” mälim etdi.

11-nji martda agşam ýurtlaryň ikisiniň-de diplomatlary öz ýurtlarynyň ilçihanalaryna girmek mümkinçiliginden mahrum edildi.

Türkiýäniň syýasatçylary Ýewropanyň şäherlerinde ýöriş geçirmek arkaly prezident Rejep Taýyp Erdoganyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek boýunça 16-njy aprelde Türkiýede geçiriljek referenduma türk jemgyýetleri tarapyndan goldaw gazanmagy planlaşdyrypdy.

Soňky aýlarda Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşdy, Erdogan bileleşigiň agzalarynyň Ankaranyň geçen ýylyň iýul aýynda syýasy garşydaşlary babatynda amala aşyran gysyşlaryny tankyt etmegine gahar-gazap bildirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG