Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Gürjüstan bilen 2008-nji ýylyň urşunda sms ýollan orsýetli zenan boşadyldy


Oksana Sewastidi

Oksana Sewastidi

2008-nji ýylda Orsýetiň we Gürjüstanyň arasynda bolan gysga wagtlyk urşuň dowamynda gürjüstanly dostuna hat ýollandygy üçin watana dönüklikde aýyplanyp, türmä höküm edilen orsýetli zenanyň prezident Wladimir Putin tarapyndan günäsi geçilensoň türmeden boşadylandygyny onuň aklawçysy mälim etdi.

Oksana Sewastidi “edil häzir türmeden boşadyldy. Biz nirä ýüzlenjegimizi indi karar ederis” diýip, 12-nji martda aklawçy Ýewgeniý Smirnow aýtdy.

Putiniň Sawastidiniň günäsini geçmek hakyndaky karary Orsýetiň hökümetiniň resmi websaýtynda 7-nji martda çap edildi.

Sewastidiniň aklawçysy Putiniň kararyny makullady we öz müşderisiniň doly aklanmagynyň ugrunda işlemegi wada berdi.

46 ýaşly Sewastidi 2008-nji ýylda Orsýetiň we Gürjüstanyň arasynda bolan gysga urşuň dowamynda harby enjamlaryny alyp barýan orsýet otlusynyň Gürjüstanyň separatist Abhaziýa regionyna ugrandygy barada ýazan haty üçin 2016-njy ýylyň mart aýynda alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar zenan garşy gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrdylar.

XS
SM
MD
LG