Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda awiasiýa boýunça paýdarlar jemgyýeti dörediler


“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň "Boing -757" uçary
“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň "Boing -757" uçary

Türkmenistanda awiasiýa boýunça paýdarlar jemgyýeti dörediler.

Resmi maglumata görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy atly açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek baradaky resmi karara laýyklykda Ykdysady ministrligine we “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugyna awia-transport kärhanasynyň guramaçylyk-kanun formasyny üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek tabşyrylýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy atly açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary hökmünde “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy, Aşgabat şäheriniň halkara aeroporty we howa aragatnaşyklarynyň baş gullugy görkezilýär. Olaryň paýynyň möçberi 70%, 27% we 3% derejesinde kesgitlenýär.

Döwlete degişli “Türkmenhowaýollary” milli gullugynyň eýeçiliginde 20 uçar bar, olar dünýäniň 15 çemesi ýurduna gatnaýar.

XS
SM
MD
LG