Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi bilen bagly sanksiýalaryny uzaldýar


Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Rogozin
Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Rogozin

Ýewropa Bileleşiginiň Orsýetiň Krym ýarym adasyny anneksiýa etmegi bilen baglylykda ýurduň onlarça raýatyna garşy girizen sanksiýalaryny uzaltmagyna garaşylýar.

13-nji martda kabul edilen karar, Brusseliň aýdyşyna görä, Ukrainanyň territorial bütewiligine ters gelýän hereketler üçin sanksiýa sezewar edilen 150 çemesi şahsyýete we 37 gurama garşy çäresini uzaldar.

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) agzalan adamlaryň bank hasaplaryny doňdurmak we olar babatynda wiza gadagançylygyny girizmek boýunça ilkinji çäreleri 2014-nji ýylyň mart aýynda Orsýetiň Krym ýarym adasyny bikanun öz düzümine goşmagynyň yzýany amala aşyrypdy.

Şol sanksiýalar soň ÝB-niň resmileriniň ses berişlikleri arkaly birnäçe gezek uzaldylypdy we ýaýbaňlandyrylypdy.

Sanksiýalaryň sanawyna Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Rogozin, prezident Wladimir Putiniň geňeşçisi Sergeý Glazýew, Orsýetiň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň ýolbaşçysy Waleriý Gerasimow we Kremliň esasy propagandisti hasaplanýan Dmitriý Kiselýow girýär.

Orsýetiň energýa, harby we maliýe pudaklaryna degişli sanksiýalar iýun aýynda gaýtadan güýje girer.

XS
SM
MD
LG