Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň günortasynda bomba partlamasy zerarly bir adam wepat boldy


Kurgon-Depe şäheri

Kurgon-Depe şäheri

Täjigistanyň häkimiýetleri ýurduň günortasynda harby suduň golaýynda bolan bomba partlamasy zerarly bir işgäriň wepat bolandygyny aýtdylar.

Içeri işler ministrligi partlamanyň Orsýetiň müňlerçe harbysynyň ýerleşýän ýeri Kurgon-Depe şäheriniň Hatlon harby sudunyň golaýyndaky mekdebe zarba urandygyny habar berdi.

Içeri işler ministrligi 12-nji martda agşam sagat 21:20-de partlaýjy serişdäniň partlamagy zerarly mekdepde sakçy bolup işlän 67 ýaşly adamyň wepat bolandygyny aýtdy.

Hasanboý Rahmonow diýlip tanadylan bu etnik özbek adamyň özüni partladyp-partlatmandygy nämälim galýar.

Polisiýa partlamanyň bolan ýeriniň daşyny gabady we derňew geçirýändigini aýtdy.

Kurgon-Depe, Kulob we Duşenbe şäherlerinde Orsýetiň 201-nji moto-diwiziýasynyň düzüminde Täjigistanda gulluk edýän 7000 çemesi esger ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG