Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk oppozisiýasy referendumyň oňaýsyz netije berjekdigini çaklaýar


“Jumhuriýet halk partiýasynyň” (JHP) başlygy Kemal Kylyçdaroglu
“Jumhuriýet halk partiýasynyň” (JHP) başlygy Kemal Kylyçdaroglu

Türkiýäniň esasy oppozision partiýasynyň başlygy aprel aýynda geçiriljek referendumda halk prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň ygtyýarlyklarynyň artdyrylmagyna garşy ses berer diýýär.

“Jumhuriýet halk partiýasynyň” (JHP) başlygy Kemal Kylyçdaroglunyň 13-nji martda “AFP” habar gullugyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, “ýok” diýip berlen sesler üstün çykar, sebäbi teklip edilen sistema Erdoganyň öz partiýasynyň içinde-de “sorag astyna alynýar”.

Kylyçdaroglu: “Munça güýç-gudrat we täsiriň bir adamyň elinde bolmagy geljekde Türkiýäni töwekgelçiliklere sezewar eder” diýýär.

Referendumda Türkiýäniň ilaty baş kanuna girizilmegi teklip edilen üýtgetmeler hakda ses berer. Bu üýtgetmelerde bolsa premýer-ministriň oýnaýan roly bolman, prezidente döwlet işgärlerini, şol sanda hökümetiň ministrlerini-de göni bellemäge ygtyýar berilýär.

Erdogan ýurduň durnuklylygyny goramak üçin bu üýtgetmeler zerur, ol Birleşen Ştatlardaky we Fransiýadaky sistemalar ýaly bolar diýýär.

Tankytçylar, şol sanda Günbatar hökümetleriniň köpüsi bolsa beýle edilen ýagdaýynda, aşa köp ygtyýarlyk bir adamyň elinde bolup, hökümetiň kontrollyk we deňagramlylyk mümkinçiligi aradan aýrylar diýýärler.

“Biz öz çagalarymyza ösen demokratiýaly, garaşsyz kazyýetli, islänini ýazmaga we çyzmaga erkin medialy Türkiýäni galdyrmak isleýäris” diýip, Kylyçdaroglu aýdýar.

Ol soňra hem: “Biziň ‘ýok’ diýmegimiziň sebäbi şol diýip” sözüniň üstüne goşýar.

Kylyçdaroglunyň aýtmagyna görä, konstitusion üýtgetmeler kabul edilse, onda prezident kazyýet häkimiýetine, ýerine ýetiriji we kanun çykaryjy häkimiýetlere güýçli kontrollyk etmäge ygtyýarlyk gazanar.

Bu hem iş ýüzünde ýurduň “demokratiýany ýatyrmagy” bolar.

Hökümetiň tarapyny çalýan gazetler teklibi oňlap ses berjekleriň öňdedigini görkezýän pikir soraýyşlaryny çap etseler, oppozision gazetler teklibi ret edýänleri utujy edip görkezýärler.

Kampaniýa öz täsirini Günbatar Ýewropa-da ýetirdi.

Gollandiýada häkimiýetleriň türk hökümetiniň iki ministrine Rotterdamda referendumyň tarapdarlarynyň üýşmeleňinde çykyş etmegine ýol bermezligi Türkiýe bilen Gollandiýanyň arasynda dawaly çekeleşige getirdi.

Gollandiýanyň polisiýasy Rotterdamda Türkiýäniň konsulhanasynyň öňüne ýygnanan müň çemesi türk protestçilerini zor bilen dargatdy.

Bu wakadan soňra Erdogan “nasizm Günbatarda diri” diýip, Gollandiýa eden bu işine “baha tölär” diýdi.

Ol 12-nji martda Gollandiýany “banan respublikasy” diýip atlandyryp, öz NATO ýaranynyň garşysyna sanksiýa girizilmegine çagyrdy.

Erdogan “nasizm” aýyplamasyny Germaniýanyň käbir şäherlerinde planlaşdyrylan şular ýaly üýşmeleňlere rugsat edilmäninden soňra-da ulandy.

Gollandiýada 400 müň çemesi türk ýaşaýar. Germaniýada bolsa Türkiýede ses bermäge hukukly türkleriň sany 1.4 million.

XS
SM
MD
LG