Sepleriň elýeterliligi

Russiýanyň ‘Pokemon Go’ bloggeri sud edilýär


Sokolowskiý geçen ýyl tussag edilipdi.

Russiýada kiliseleriň birinde ‘Pokemon Go’ oýnuny oýnandygy üçin, dini ýigrenji döretmekde aýyplanýan bloggeriň sud diňlenişigi başlandy.

Ruslan Sokolowksiý geçen ýylyň sentýabrynda tussag edilipdi. Mundan bir aý öň ol Ýekaterinburgyň kiliseleriniň birinde meşhur oýny oýnaýan pursatlaryny ýazgy edip, ony Internetde ýerleşdiripdi.

Derňewçiler Sokolowskini 2013-nji ýylda kabul edilen dawaly kanunyň esasynda, dinçileriň ynançlaryny kemsitmekde aýyplaýarlar. Bu kanunyň tankytçylary bolsa, onuň azat sözi sem edýändigini, şeýle-de onuň ýurduň Konstitusiýasyna ters gelýändigini aýdýarlar.

Sokolowskiniň aklawçylary öz müşderilerine 7,5 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmek howpunyň bardygyny aýdýarlar.

Sokolowskiý Ýekaterinburgda geçýän sud diňlenişiginiň ilkinji gününde, özüniň günäsizdigini aýtdy. Ol bir blogger hökmünde hiç kimi kemsitmegi maksat edinmändigini hem sözüne goşdy.

“Eger-de meniň wideo bloglarym kimdir birini kemsiden bolsa, men olardan ötünç soraýaryn. Men ateist. Ýöne meniň dini ynançlara garşy hiç hili garşylygym ýok. Men liberal. Men her kimiň deň hak-hukuklara eýe bolmalydygyna ynanýaryn” diýip, Sokolowskiý çykyş etdi.

Wladimir Putiniň häkimiýetdäki 17 ýylynyň dowamynda Russiýanyň Prawoslaw kilisesiniň hem syýasatdaky, hem-de jemgyýetdäki täsiri gaty güýçlendi.

Sokolowskini ilki oktýabrda, öý tussaglygynda saklapdylar. Emma haçan-da ol Interneti we mobil telefonyny ulananda, ony – öý tussaglygynyň şertlerini bozmakda aýyplap – deslapky tussaghana ýerleşdirdiler.

Şu ýylyň fewralynda ony gaýtadan öý tussaglygyna ýerleşdirdiler.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” topary Sokolowskiniň tussag edilmegini ýazgaryp çykyş etdiler.

XS
SM
MD
LG