Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Siriýa boýunça gepleşikler oppozisiýasyz başlandy


Siriýadaky urşuň soňuna çykmak maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň ikinji tapgyry, Astana, 16-njy fewral, 2017
Siriýadaky urşuň soňuna çykmak maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň ikinji tapgyry, Astana, 16-njy fewral, 2017

Siriýadaky urşuň soňuna çykmak maksady bilen geçirilýän gepleşikler 14-nji martda Gazagystanyň paýtagty Astanada başlanýar, emma oppozisiýanyň oňa gatnaşmajagy çak edilýär.

Siriýanyň oppozision toparlary 13-nji martda eden çykyşlarynda ok atyşygy bes etmek barada dekabrda gelnen ylalaşygyň bozulmagynda Siriýanyň hökümetini we oňa goldaw berýän Orsýeti aýypladylar.

“Häzirki wagtda kararyň işlemezligi Orsýetiň Siriýada parahat adamlar babatyndaky jenaýatlaryny we Siriýanyň režiminiň jenaýatlaryny goldamagyny dowam etdirmeginiň netijesidir” diýip, oppozisiýanyň metbugat-wekili Osama Abu Zaid 13-nji martda aýtdy.

Gepleşikleriň geçirilmegini goldaýan üç ýurduň Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň resmi toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Astanada geçirilýän gepleşikleriň öňki tapgyrlary uly netije bermändi.

Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän uruş zerarly 300 müň adamyň wepat bolandygy we millionlarça adamyň öz oturan ýerlerini terk edendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG