Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet TOPH proýektine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy


Pakistanyň, Hindistanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň liderleri TOP proýektini durmuşa geçirmek boýunça gol çekişlik dabarasynda, 11-nji dekabr, 2010.
Pakistanyň, Hindistanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň liderleri TOP proýektini durmuşa geçirmek boýunça gol çekişlik dabarasynda, 11-nji dekabr, 2010.

Orsýet TOPH proýektine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Interfaks agentliginiň maglumatyna görä, Orsýet Federasiýasynyň Owganystandaky ilçisi Andreý Awetisýan bu barada Owganystanyň Moskwadaky ilçisiniň orsýet işewürlerine ýüzlenip, olary dürli ýyllarda SSSR-iň we Orsýetiň kömegi bilen Owganystanda gurlan obýektleri dikeltmek üçin maýa ýatyrmaga eden çagyryşyny kommentirläp eden çykyşynda aýdypdyr.

Şeýle-de Orsýet köptaraplaýyn proýektlere, şol sanda Gyrgyzystandan we Täjigistandan Owganystanyň we Pakistanyň üstünden geçýän elektrik geçiriji liniýalaryň gurluşygy boýunça köptaraplaýyn proýekte gatnaşmaga taýýar, şeýle hem beýleki köptaraplaýyn proýekt – Türkmenistandan Owganystanyň we Pakistanyň üstünden Hindistana tarap TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldaýar we oňa gatnaşmaga taýýar diýip, A.Awetisýana slagylanyp Interfaks habar berýär.

Şol bir wagtda-da orsýet ilçisiniň Owganystanda howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýyň “gowulanmak däl-de, mundan beýläk has-da ýitileşmegine berk tendensiýa bar” diýip, belländigi maglumatda aýdylýar.

Gurluşygyna 2015-nji ýylyň aýagynda badalga berlip, türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçirijiniň ulanyşa berliş möhletiniň 1 ýyl, ýagny 2020-nji ýyla çenli yza çekdiriljegi 30-njy ýanwarda habar berlipdi.

Resmi Aşgabat umumy bahasy 10 milliard dollarlyk TOPH proýektiniň çykdajylarynyň 85% töwereginiň Türkmenistan tarapyndan üpjün ediljekdigini yglan edipdi.

Uzynlygy 1814 kilometrlik gaz geçiriji arkaly ýylda 33 milliard m3 gazy akdyrmak göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG