Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýadaky konflikt Ikinji jahan urşundan soň adamzadyň döreden iň aýylganç betbagtçylygy


BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad al-Hussein

BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad al-Hussein

BMG-niň adam hukuklary boýunça ýolbaşçysy Siriýadaky konflikti “Ikinji jahan urşundan soň adamzadyň döreden iň aýylganç betbagtçylygy” atlandyrdy we zorlugyň giňden ýaýrandygyny belledi.

“Şu günki gün tutuş ýurt belli bir derejede gynamalar kamerasyna, aýylganç elhençligiň we doly haksyzlygyň ýerine öwrüldi” diýip, BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad al-Hussein 14-nji martda aýtdy.

“Siriýada sansyz adam eden-etdilikli tutha-tutluklardan, gynamalardan we zor bilen ýitirim edilmelerden ejir çekýär” diýip Zeid aýtdy.

Ol Siriýada bir-birine garşy söweşýän toparlaryň onlarça müň ýesiri boşatmagyna çagyryş etdi.

Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän konfliktiň dowamynda 300 müň adamyň wepat bolandygy we millionlarça adamyň öz oturan ýerlerinden göçmäge mejbur bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG