Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Tussag astyndaky oppozision lideriň ogly türmä höküm edildi


Eýranyň parlamentiniň öňki spikeri oppozision lider Mehdi Karrubi

Eýranda tussag edilen oppozision lideriň ogly hökümete garşy propagandany ýaýratmakda aýyplanyp, alty aýlyk türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada onuň maşgalasy we Eýranyň döwlet mediasy 13-nji martda habar berdi.

Eýranyň resmileri parlamentiň öňki spikeri oppozision lider Mehdi Karrubiniň ogly Hossein Karubini bir ýyl öý tassygynda saklanýan kakasynyň açyk sud geçirilmegini talap edip, Eýranyň prezidenti Hassan Rohanä ýazan hatyny çap etmekde günälediler.

78 ýaşly Mehdi Karrubi 2009-njy ýylyň prezidentlik saýlawlarynda Eýranyň esasy oppozision lideri Mir Hossein Moussawi bilen bilelikde reformaçy dalaşgär hökmünde Mahmud Ahmadinejada garşy çykyş edipdi. Olar Ahmadinejadyň galp ýoldan ýeňiş gazanandygyny aýdyp, ilaty proteste çagyryp, birnäçe hepdeläp dowam eden demonstrasiýalara ýolbaşçylyk edipdi.

Häkimiýetler reformaçylara basyş görkezip, oppozision liderleriň ikisini-de öý tussaglygyna höküm edipdi.

Prezident Hassan Rohani 2013-nji ýylda häkimiýet başyna geçende olaryň öý tussaglygyny ýatyrmagy wada beripdi.

XS
SM
MD
LG