Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Hususy dükanlarda çilimiň söwdasy barha ýaýbaňlanýar


Illýustrasiýa

Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda indi 40 günden bäri çilimiň satuwynyň doly ýatyrylan mahalynda, hususy eýeçilikdäki dükanlarda çilimiň gizlin söwdasy barha ýaýbaňlanýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, soňky günlerde paýtagtyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda, daşary ýurtlarda öndürilen çilimler barha köpelýär we olaryň satuwy ýarym gizlin, ýarym açyk ýagdaýda amala aşyrylýar.

“Mundan ozal çilimiň ýeke dänesini, ýagny ýekejesini hususy eýeçilikdäki dükanlarda satmaga satyjylar gorkýardylar. Şolam indi öz-özünden ýaýbaňlanyp ugrady. Çilimiň ýeke dänesi adamlara 2,5-3 manatdan satýarlar. Ýokary hilli temmäkiden öndürilen çilimiň ýekejesini bolsa ortaça 5 manatdan satýarlar” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagtda hususy eýeçilikdäki dükanlarda ABŞ-yň, Dubaýyň we Ýewropanyň käbir ýurtlarynyň temmäki fabriklerinde öndürilendigi aýdylýan çilimleriň 1 gutusynyň bahasy 80 manatdan, tä 115 manada çenli ýetdi.

Galyberse-de, ozal Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurda getirilip, döwlet dükanlarynda satylan çilimleri-de, häzir hususy eýeçilikdäki dükanlarda aç-açan diýen ýaly satyn alyp bolýar. Öň döwlet dükanlarynda 19 manatdan satylan bir guty çilim indi hususy dükanlarda 40-45 manada durýar.

Firmalar çilimi hususy dükanlara ‘geçirýärler’

Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda çilimiň satylmazlygy, şol bir wagtda hususy eýeçilikdäki dükanlarda bolsa onuň aç-açan elýeterli bolmagy we onuň sebäpleri barada Azatlyk Radiosyna türkmen häkimiýetlerinden maglumat ýa-da düşündiriş almak başartmady.

Emma käbir hususy dükan eýeleriniň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan çilimi getirmäge lisenziýa berlen firmalar çilimi öňküsi ýaly daşary ýurtlardan import etmegi dowam etdirip, olary döwlet dükanlaryna däl-de, hususy eýeçilikdäki dükanlara ugradýarlar.

“Gümrükhanalaryň ammarlaryndaky çilimler döwlet dükanlaryna barman, gönüden-göni hususy eýeçilikdäki dükanlaryň birnäçesine barýarmyşyn. Ýöne iş ýüzünde resmi hasabat berenlerinde, ol çilimler göýä döwlet dükanlarynda satyldy diýip, çilime girizilen kada-kanunyň amal edilendigini resmi kagyzlarda doldurýarmyşynlar” diýip, Bugaýew adynyň atlandyrylmazlygyny soran hususy dükan eýesine salgylanyp gürrüň berdi.

Çilim satyn alnan bahasyndan ‘40 esse gymmada satylýar’

Mundan başga-da, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Türkmenistana getirilýän çilimleriň bir gutusynyň satyn alnan bahasyndan tas 40 esse ýokary satylýandygy barada maglumat çap etdi.

13-nji martda bu neşir Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişlidigi aýdylýan hata salgylanyp, ýurda getirilýän çilimleriň bir gutusynyň bahasynyň 0,5 manada barabar bolup, olaryň 19 manatdan satylýandygy barada habar berdi.

Azatlyk Radiosyna bu hatyň asyldygyny ýa-da däldigini garaşsyz çeşmelere we türkmen häkimiýetlerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda temmäkä garşy göreşi güýçlendirmek diýlip, 2016-njy ýylyň başyndan bäri çilime garşy ençeme tapgyr çäklendirmeler girizildi, hususy dükanlarda çilimiň satuwy doly ýatyryldy.

Geçen ýylyň mart aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýan karary esasynda, ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we olara nyrh kesmegiň, satmagyň ähli ygtyýarlyklary diňe ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.

Şondan soň döwlete degişli dükanlarda çilimiň satuwy ençeme gezek ýatyryldy we çäkli görnüşde gaýtadan dikeldildi. Iň soňky gezek şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen prezident saýlawyndan bir hepde çemesi ozal, döwlet dükanlarynda çilim ýene ýitirim bolupdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG